Habarlar
Habarlar
«Türkmenaragatnaşyk» agentliginde «Sagdyn nesil – sagdyn jemgyýet» ady bilen wagyz-nesihat maslahaty geçirildi
17-nji aprelde «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan gurnalan maslahata Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň işjeň agzalary bolan kümüş saçly enelerimiz, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, şeýle hem agentligiň edara-kärhanalarynyň hünärmenleri we Politehniki orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlarydyr, talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň daşary işler, Arkalaşyk we ösüş boýunça Döwlet sekretaryny kabul etdi
24-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Beýik Britaniýanyň daşary işler, Arkalaşyk we ösüş boýunça Döwlet sekretary Dewid Kemerony kabul etdi.
Özbegistan we Täjigistan üstaşyr ýük daşamalarynda rugsatnamalary aýyrarlar
Özbegistan we Täjigistan üstaşyr ýük daşamalarynda talap edilýän rugsatnamalary ýatyrýarlar diýip, Täjigistanyň ulag ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.
«RDÝ-niň» wekili Moskwa – Aşgabat ýolagçy gatnawyny täzeden ýola goýmagyň tarapdary
«Russiýanyň Demir ýollary» AGPJ-niň Halkara hyzmatdaşlyk we daşary ýurtlardaky taslamalar departamentiniň başlygynyň orunbasary Lýudmilla Renne ozal meşhur bolan Moskwa – Aşgabat ýolagçy otlusynyň gatnawyny täzeden ýola goýmagyň tarapdarydygyny belläp geçdi. Bu barada «TASS» habar berýär.
Türkmenistan netijeli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeldýär
Geçen hepdede hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň ikinji tapgyrynyň açylmagy ýurdumyzyň ýyl ýazgysynda şanly wakalaryň biri hökmünde täze sahypany açdy.
Şanhaýyň jemgyýetçilik ulaglary daşary ýurt banklarynyň kartlaryny kabul edip başlady
Şanhaýyň jemgyýetçilik ulaglary ulgamy, şol sanda metro, awtobuslar we paromlar syýahatçylara daşary ýurt banklarynyň kartlary bilen tölemek mümkinçiligini hödürläp başlady.
Türkmenistanda Aşgabat – Türkmenabat awtomobil ýolunyň Tejen – Mary böleginiň açylyş dabarasy boldy
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen – Mary böleginiň açylyş dabarasy geçirildi. Bu barada TDH habar berýär.
Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçirilýän halkara göçme foruma gatnaşyjylara
Sizi Garaşsyz Watanymyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilen hem-de Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dabaraly bellenilýän ýylynyň bahar paslynda Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçirilýän halkara göçme forumyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Russiýada elektron talyp petekleri we hasaba alyş kitapçalary peýda bolar
25-nji aprelde Russiýada talyp peteklerini we hasaba alyş kitapçalaryny elektron görnüşine geçirmek boýunça synag çäresine badalga berler. Bu baradaky degilşi karara premýer-ministr Mihail Mişustin gol çekdi diýip, RF-iň Hökümetiniň metbugat gullugy habar berýär.
Aşgabat – Türkmenabat awtobanynyň Tejen – Mary bölegi halkara güwänamalaryň 5-sine mynasyp boldy
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda şu gün Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen – Mary böleginiň açylyş dabarasy boldy. Dabaranyň çäklerinde dünýä ölçeglerine laýyklykda gurlan ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen – Mary bölegine 5 sany halkara güwänama gowşuryldy. Bu barada TDH habar berýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.