Habarlar
Habarlar
DÝHG agza döwletleriň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisiniň Teswirnamasyna gol çekildi
Aşgabatda geçýän Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisiniň çäginde degişli resminamalara gol çekmek çäresi geçirildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän «Açyk gapylar» syýasatynyň çäklerinde aprel aýynda geçirilen çäreler — köp sanly iş duşuşyklary, syýasy geňeşmeler, işewürlik gepleşikleri, maslahatlar Garaşsyz Türkmenistanyň halkara derejedäki at-abraýynyň barha artýandygynyň nobatdaky güwäsine öwrüldi.
«Türkiýäniň asyry» eksport sammitinde ulag ulgamyň möhüm meselelerine seredildi
Halkara ekspeditorlar birleşiginiň (UND) Dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Şerafettin Aras Söwda ministrliginiň howandarlygynda «Albayrak Medya» tarapyndan guralan «Türkiýäniň asyry» eksport sammitine gatnaşdy.
Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-de durnukly ulag boýunça ýokary derejeli duşuşyk geçirildi
BMG-niň Baş Assambleýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen durnukly ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça ýokary derejeli duşuşyk geçirildi.
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
6-njy maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.
«Nokia» 25 ýyl mundan öňi düwmeli el telefonyny täzeden öndürmäge başlamakçy
«Nokia» brendi astynda elektronika önümlerini öndürmäge ygtyýarly «HMD Global» kompaniýasy meşhur düwmeli Nokia 3210 el telefonynyň önümçiligine täzeden başlamakçydygyny habar berdi. Bu barada «GSMArena» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar.
Порт Оля впервые принял по МТК "Север-Юг" груз из Туркменистана
Каспийские порты Оля (порт близ Астрахани, РФ) и Туркменбаши (Туркменистан) активизировали сотрудничество в перевалке грузов по международному транспортному коридору (МТК) "Север-Юг", сообщает в четверг Trend со ссылкой на информацию астраханской таможни.
Ашхабадская декларация придаст новый импульс развитию международных транспортных коридоров
На проходящем в столице Туркменистана 38-м заседании Совета управляющих и ответственных представителей железнодорожного транспорта государств-членов Организации сотрудничества железных дорог (ОСЖД) в четверг была принята Ашхабадская декларация.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
3-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň geçen dört aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi, şeýle hem beýleki käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
«Turkish Airlines» awiakompaniýasy «Airbus» we «Boeing» uçarlarynyň 235 sanysyny satyn almakçy
«Turkish Airlines» awiakompaniýasy ösüş strategiýasynyň çäklerinde «Airbus» we «Boeing» uçar öndürijileri bilen olardan 235 uçar satyn almak barada gepleşikleri alyp barýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.