Habarlar
Habarlar
16625e5c4817d3.jpeg
1 ýyl ozal
«Galkan» topary hokkeý boýunça halkara ýaryşyň Kubogyna mynasyp boldy

20-nji aprelde paýtagtymyzda şaýbaly hokkeý boýunça halkara ýaryş tamamlandy. Bu iri ýaryşyň geçirilmegi Aşgabadyň ykrar edilen halkara sport merkezine öwrülýändiginiň, dünýä bileleşigi tarapyndan hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça yzygiderli amala aşyrylýan strategiýanyň giňden goldanylýandygynyň ýene-de bir güwäsi boldy.

1662415df664f9.jpeg
1 ýyl ozal
Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy boýunça halkara maslahatynda Aşgabat jarnamasy kabul edildi

2024-nji ýylyň 15 — 19-njy aprelinde Aşgabatda geçirilen Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň (OSJD) agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisine gatnaşyjylar, şeýle hem oňa (mundan beýläk maslahat) gatnaşan ulag-logistika kompaniýalarynyň — OSJD-ä goşulyşan kärhanalaryň wekilleri aşakdakylar barada beýan etdiler:

16624172a39c29.jpeg
1 ýyl ozal
Demir ýol ulagy pudagynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi

“Ýyldyz” myhmanhanasynda 15 — 19-njy aprelde paýtagtymyzda geçirilen Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň (DÝHG) agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisi öz işini tamamlady. Ozal habar berlişi ýaly, bu wekilçilikli foruma DÝHG-ä agza döwletleriň 20-den gowragynyň, şol sanda Türkmenistanyň demir ýol we beýleki degişli edaralarynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri gatnaşdylar.

166241ad19fdde.jpeg
1 ýyl ozal
Balkan welaýatynda Aragatnaşyk merkeziniň edara binasy gurlar

Mälim bolşy ýaly, 19-njy aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.

166241e7a65cab.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmenistanda “Rysgal” bankyň taýýarlan “Internet-bank” we “Mobil-bank” ulgamlary ulanyşa giriziler

Türkmenistanda “Rysgal” paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan işlenip taýýarlanan “Internet-bank” we “Mobil-bank” ulgamlary ulanyşa giriziler.

166241bd16882b.jpeg
1 ýyl ozal
Beýik Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli uruş weteranlaryna sowgatlar gowşurylar

1941— 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan weteranlara gymmat bahaly sowgatlar gowşurylar.

1663c52227352a.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmenistanyň Prezidenti iş sapary bilen Russiýa Federasiýasyna ugrady

8-nji maýda günüň ikinji ýarymynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň çakylygy boýunça 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli guraljak dabaralara hormatly myhman hökmünde gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasyna iş sapary bilen ugrady.

1663856dfdaa0d.jpeg
1 ýyl ozal
Günorta Koreýa deňiz ýük dolanşygy üçin 2,5 milliard dollar maýa goýum goýýar

Günorta Koreýanyň hökümeti 2030-njy ýyla çenli deňiz ýük dolanşygy 140 million tonna çenli artdyrmagy meýilleşdirýär. Bulardan başga-da, konteýner terminallarynyň kuwwatyny 2 million TEU-a çenli ýokarlandyrmak meýilleşdirilýär.

1663c4f354f9b4.jpeg
1 ýyl ozal
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Sizi 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

16634dc95846d9.jpeg
1 ýyl ozal
«RDÝ-niň» tory boýunça ýük akymynyň görkezijileri peselýär

2024-nji ýylyň aprelinde «Russiýanyň demir ýollarynyň» torunda ýük daşamagyň derejesi 101,7 million tonna boldy. Munuň özi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 3,6% azdyr. Bu barada «RDÝ-niň» resmi saýty habar berdi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.