Habarlar
Habarlar
1668380461e92a.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

1-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

1667e543d9acf9.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmenistan bilen Owganystan üstaşyr ýük daşamalary artdyrmakçy

Türkmenistanyň Hyrat şäherindäki Baş konsuly Batyr Ýolow sişenbe güni Owganystanyň Hyrat welaýatynyň häkimi Nur Ahmad Islamjar bilen duşuşdy. Taraplar iki ýurduň arasynda üstaşyr mümkinçilikleri giňeltmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

16682439b77150.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

29-njy iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy.

1667e53515b698.jpeg
1 ýyl ozal
“Türkmenhowaýollary” Jidda şäherine ýolagçy howa gatnawlarynyň sanyny artdyrýar

“Türkmenhowaýollary” agentligi 2024-nji ýylyň awgust aýyndan başlap, Saud Arabystany Patyşalygynyň Jidda şäherine hepdede 2 gezek yzygiderli ýolagçy howa gatnawlaryny ýola goýulmagy meýilleşdirýär.

1668242841d973.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmenistanyň Prezidenti Kanadanyň General-gubernatoryny gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Kanadanyň General-gubernatory hanym Meri Saýmona we ýurduň ähli halkyna Türkmenistanyň halkynyň hem-de Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan ýurduň milli baýramy — Kanadanyň güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

1667e52d4d01fc.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmen wekiliýeti “Hytaý — Ýewraziýa EKSPO” halkara sergisine gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti 2024-nji ýylyň 26 – 30-njy iýunynda Hytaýyň Urumçi şäherinde geçirilýän “Hytaý — Ýewraziýa EKSPO” halkara sergisine gatnaşýar. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy çarşenbe güni habar berdi.

166823f099a34f.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

28-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.

1667cf4dc9834f.jpeg
1 ýyl ozal
“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň wekilleri Taýlandda halkara maslahatyna gatnaşdylar

“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň wekilleri Taýland Patyşalygynyň Pattaýa şäherinde geçirilen Aziýa we Ýuwaş Umman sebitinde awtonom gämiçilik bilermеneler toparynyň maslahatyna gatnaşdylar.

1667e507ae494a.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy

27-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Bek Jung-Wan hem-de “Kawasaki Heavy Industries Ltd.” kompaniýasynyň strategik meseleler boýunça uly geňeşçisi Tatsuýa Watanabe we kompaniýanyň ýerine ýetiriji direktory Kendzi Sanada bilen duşuşdy.

1667cf361a5bb6.jpeg
1 ýyl ozal
Kuzbassyň kömür ýükli iki otlusy Türkmenistanyň üsti bilen Hindistana ýollanyldy

Ilkinji gezek Kuzbassyň kömür ýüklenen iki otlusy «Demirgazyk — Günorta» halkara ulag geçelgesiniň üsti bilen Hindistana iberildi.  

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.