Habarlar
Habarlar
«MSC» dünýäniň deňiz boýunça konteýner daşamak bazarynyň bäşden birine eýelik edýär
«MSC-niň» global konteýner daşamak bazaryndaky paýy 20 %-e ýetdi. Ol 2018-nji ýyldan bäri bazaryň bäşden birini eýelän ilkinji konteýner ugrudyr. Alty ýyl ozal bu paý şeýle derejäni bary-ýogy birnäçe aýlap saklap bilýän «Maerske» degişlidi. Bu barada «Alphalineriň» maglumatlaryna salgylanýan «Splash» habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş sekretarynyň ýolbaşçylygyndaky Birleşen Milletler Guramasynyň wekiliýeti bilen duşuşygyndaky çykyşy
Ilki bilen, size «Türkmenistanda hoş gördük!» diýip ýüzlenýärin. Siziň saparyňyza Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen ugurlaryň giň toplumy boýunça hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen gatnaşyklarymyzda täze tapgyr hökmünde garaýarys.
«Awtomobil ulag hyzmaty» AGPJ awtobus sürüjileri üçin boş iş orunlaryny yglan edýär
«Awtomobil ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tejribeli awtobus sürüjilerini işe çagyrýar.
«Xiaomi» smartfonlaryň adam gatnaşmaýan önümçiligini işe goýberdi
Pekinde «Xiaomi» smartfonlarynyň täze nesliniň önümçiligi boýunça zawod işe başlady diýip, kompaniýanyň baş direktory Leý Szun habar berdi.
2024-nji ýylyň iýuny: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän «Açyk gapylar» syýasatynyň çäklerinde her aýda möhüm ähmiýete eýe bolan wakalara beslenen geçen aýyň hem Türkmenistanyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyna ajaýyp seneler bilen girendigini görkezýär.
“Türkmenhowaýollary” agentliginiň awiasiýa işgärlerini taýýarlamak mekdebinde hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça okuw maslahaty geçiriler
2024-nji ýylyň 8-12-nji iýulynda “Türkmenhowaýollary” agentliginiň awiasiýa işgärlerini taýýarlamak mekdebinde hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça okuw maslahaty geçiriler. Bu barada agentligiň resmi saýtynda habar berilýär.
Özbegistan ýük awtoulaglaryň sürüjilerini Ýewropada işlemäge taýýarlap başlar
Özbegistanyň Daşarky zähmet migrasiýasy agentligi Latwiýanyň «Kreiss» ulag we logistika kompaniýasy bilen ýük awtoulag sürüjilerini Latwiýada guramaçylykly işe almak barada şertnama baglaşdy. Bu barada «Dunýo» habar berýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Astanada ŞHG-niň sammitine we Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy
4-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) sammitine gatnaşmak maksady bilen, Gazagystan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyzy resmi adamlar ugratdylar.
Hindistan «Demirgazyk-Günorta» halkara ulag geçelgesine uly ähmiýet berýär
Russiýanyň kömür ýükli ilkinji iki otlusynyň «Demirgazyk-Günorta» halkara ulag geçelgesi boýunça Merkezi Aziýanyň we Eýranyň çäginden Hindistana iberilmegi Günorta Aziýanyň Respublikasy üçin strategiki ähmiýete eýe bolan bu ugurda täze tapgyryň başlangyjydyr.
Hytaý Şençžen-Çžunşan ulag ulgamynyň gurluşygynda 10 dünýä rekordyny goýdy
Hytaýda Şençžen hem-de Çžunşan şäherlerini birleşdirýän köprüleriň we ýerasty geçelgeleriň ulgamy açyldy.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.