Habarlar
Habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti: Owganystan boýunça möhüm taslamalaryň dabaralarynyň şaýady bolarys
10-njy sentýbarda paýtagtymyz Aşgabatdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Maýa goýumy forumy (TIF-2024) dabaraly ýagdaýda başlady. Onuň işine “Atawatan Media” topary hem gatnaşdy.
Türkmenistan bilen Özbegistan ulag ulgamyndaky resminama dolanyşygyny sanlylaşdyrýar
Türkmenistanda geçirilýän maýa goýum forumyna gatnaşan Özbegistanyň ulag ministrli Ilhom Mahkamow “Ulag arabaglanyşygy we durnuklylyk: ulag we kommunikasiýa ulgamynda maýa goýum taslamalary” plenar mejlisinde çykyş etdi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň gutlaglary
Hormatly Prezidentimiz Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylaryny hem-de Ýaponiýanyň Premýer-ministrini gutlady
Türkmenistanyň Maýa goýumy forumy -2024: Türkmenistanyň ykdysady ösüşi 6.3 göterim derejede saklanýar
2023-nji ýylyň we 2024-nji ýylyň birinji ýarymynyň netijeleri boýunça, Türkmenistanyň ykdysady ösüşi 6.3 göterim derejede saklanýar we ol köp babatda haryt öndürýän pudaklaryň önümçiliklerini ýokarlandyrmak arkaly üpjün edilýär. Bu barada Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri Serdar Joraýew Türkmenistanyň Maýa goýumy forumynda eden çykyşynda belläp geçdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: — Ähli tagallalarymyzy Garaşsyz Watanymyzy gülledip ösdürmäge gönükdirýäris
Eziz Diýarymyzda baş baýram — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy şanly wakalara we zähmet üstünliklerine beslendi. Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň berkarar döwlet gurmak barada eden arzuwlary bu günki günde hakykata öwrüldi.
Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligine täze ýolbaşçy bellenildi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Serdargeldi Gurbangeldiýewiç Ýolamanowy Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň başlygy wezipesinden boşatdy. Bu wezipä Hangeldi Şirdogdyýewiç Kerimow bellenildi.
Aşgabatda “HI-TECH Türkmenistan 2024” forumy we sergi açyldy
Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça “HI-TECH Türkmenistan 2024” halkara forum we sergi öz işine başlady.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna
Sizi ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini özünde jemleýän Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu halkara baýramçylygyň göwün galkyndyryjy dabaralarynyň il sylagly ýaşulularymyzy, mähriban enelerimizi, ähli watandaşlarymyzy Ýer ýüzünde parahatçylygyň we ösüşiň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen belent maksatlarymyzyň töwereginde mäkäm jebisleşdirjekdigine, eziz Watanymyzyň röwşen geljeginiň bähbidine yhlasly, tutanýerli zähmet çekmäge ruhlandyrjakdygyna berk ynanýaryn.
Türkmenistanyň maýa goýum forumy we ugurdaş sergisi öz işine başlady
2024-nji ýylyň 10-11-nji sentýabrynda Aşgabat şäherindäki «Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmenistanyň maýa goýum forumy we onuň çäklerinde ugurdaş sergi geçirilýär. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklaryndaky, şol sanda ulag-kommunikasiýa ulgamynda baý maýa goýum mümkinçiliklere bagyşlanyp geçiriljek foruma dünýäniň dürli döwletlerinden ýüzlerçe wekiliň gatnaşmagyna garaşylýar.
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
30-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.