Habarlar
Habarlar
2025-nji ýylda halkara elektron ýol-ulag resminamasy Ýewraziýa ykdysady birleşiginiň derejesine çykar
2025-2026-njy ýyllarda elektron CMR-i Russiýada we Belarusda senagat taýdan ulanyşa girizmek meýilleşdirilýär. Bu barada «ДМТК» awtonom telekeçilik däl guramasynyň halkara ulag geçelgelerini sanlylaşdyrmak bölüminiň baş hünärmeni Wladimir Korostelýow «Sanly transportasiýa — 2024» forumynda eden çykyşynda beýan etdi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
6-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.
Geçen ýedi aýda ulag ulgamy boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 118,1 göterime deň boldy
Geçen hepde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň ýedi aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.
Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan demirýoly 5 ýylda gurlar
Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan demirýolunyň 5 ýylda guruljakdygy bellenildi. Bu barada Gyrgyzystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy Akylbek Žaparow halkara ylmy maslahatda eden çykyşynda belläp geçdi.
Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigine gatnaşyjylara
Sizi beýik baýramymyz bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy mynasybetli «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigiň çäklerinde guralýan Türkmenistanyň zehinli çagalarynyň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly döredijilik bäsleşiginiň döwlet derejesindäki jemleýji tapgyryna gatnaşmagyňyz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Arkadag şäheriniň 1-nji mekdebinde robot tehnikasy boýunça gurnak açyldy
1-nji sentýabrda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Türkmenistanda UNICEF Bilim ministrligi bilen bilelikde Arkadag şäheriniň 1-nji mekdebinde robot tehnikasy boýunça täze gurnagy açdylar. Gurnagyň maksady – amaly bilimler arkaly ylym, tehnologiýa, inženeriýa, sungat we matematika (STEAM) boýunça desrleri öwrenip, beýleki mekdepler üçin göreldeli nusga bolmakdyr.
«Awtoulag ýükden köp»: ýük daşaýjy nyrhlaryň peselmegini ýük gatnatmaklyga islegiň pese gaçmagy bilen düşündirýär
Russiýada awtoulagda ýük daşamak islegi juda azaldy. Bu barada «Cargo Dragon» ulag kompaniýasynyň baştutany Maksim Kriştopow «Kommersantyň» žurnalistlerine gürrüň berdi.
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
4-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy.
TULM deslapky maglumat-üstaşyr deklarasiýalary resmileşdirmek boýunça hyzmatlary ýerine ýetirýändigini habar berýär
«Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Türkmenistanyň Dowlet gümrük gullugynyň «Türkmenistanyň gümrük çägine getirilmegi göz oňünde tutulýan harytlar barada deslapky maglumatyň düzümi, ony bermegiň we ulanmagyň tertibine» laýyklykda, deslapky maglumat-üstaşyr deklarasiýalary (DM) resmileşdirmek boýunça hyzmatlary tölegli esasda (nagt, nagt däl) ýerine ýetirýändigini habar berýär.
Awgust aýynda täze ýeňil täjirçilik awtoulaglarynyň satuwy 2024-nji ýyldaky iň ýokary derejäni gaýtalady
Tomus aýynyň soňky aýynda Russiýada 9374 täze ýeňil täjirçilik awtoulagy (LCV) satyldy – diýip, AUTOSTAT gullugynyň hünärmenleri «AUTOSTAT Operatiwka. Russiýanyň awtoulag bazary boýunça operatiw maglumatlar. 2024-nji ýylyň awgust aýynyň netijeleri» ady bilen geçirilen onlaýn-ýaýlymda habar berdiler.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.