Habarlar
Habarlar
BOMKA Merkezi Aziýanyň serhet, gümrük we migrasiýa gullugynyň metbugat sekretarlary üçin seminar geçirdi
Türkmenistan Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlary bilen deň hatarda Taşkentde Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak Maksatnamasy (BOMKA 10) tarapyndan guralan serhet, gümrük we migrasiýa gullugynyň metbugat sekretarlary üçin niýetlenen seminar-hakatona gatnaşdy. Bu barada Maksatnamanyň saýtynda habar berilýär.
«Sanly Bilim» atly sanly ulgamyň tanyşdyrylyşy geçirildi
Türkmenistanyň Bilim ministrliginde ýokary okuw mekdepleriniň we orta hünär okuw mekdepleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda milli bilim ulgamynyň sanlaşdyrylmagy boýunça maslahat geçirildi.
Türkmenistan — sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy
2-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň Saglyk ýolunda köpçülikleýin ýöriş geçirildi. Bu çäre jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmeginde, aýratyn-da, ýaşlaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklarynda möhüm ähmiýete eýe boldy.
Aşgabatda türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumy geçiriler
2024-nji ýylyň 26-27-nji noýabrynda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda “Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri” atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumy geçiriler. Bu barada ylym-bilim, saglygy goraýyş we sport meseleleri boýunça wise- premýer Baýramgül Orazdurdyýewa Ministrler Kabinetiniň anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde maglumat berdi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
1-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy.
Abu-Dabi şäherinde Türkmenistanyň ulag we logistika forumy geçiriler
2024-nji ýylyň 7-8-nji noýabrynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde «Türkmenistanda söwda, maýa goýum we işewürlik mümkinçilikleri» atly forum geçiriler. Iki günläp dowam etjek forum aýratyn ugurlar boýunça bölümlere bölünip geçiriler.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň bank ulgamynyň işgärlerine we ähli halkyna
Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ykdysady ösüşleriniň we ajaýyp üstünlikleriniň aýdyň nyşany bolan Türkmenistanyň milli pul birliginiň — manadymyzyň dolanyşyga girizilmeginiň 31 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Tokio şäherinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2024-nji ýylyň 26-njy oktýabrynda Tokio şäherinde Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasy Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabyň ýapon dilindäki neşriniň tanyşdyrylyş dabarasyny gurady. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasaryny kabul etdi
30-njy oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň rus böleginiň başlygy Alekseý Owerçugy kabul etdi.
Paýtagtymyzda “Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri” atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumy geçiriler
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda öňdebaryjy innowasion çözgütleri durmuşa geçirmegiň we milli innowasiýa ulgamyny ösdürmegiň aýratynlyklarynyň amaly meselelerini ara alyp maslahatlaşmak hem-de Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek barada gazanylan ylalaşygy ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.