Habarlar
Habarlar
Türkmenistan Eýrandan gelýänlere ynsanperwerlik goldawyny bermegi dowam edýär
Türkmenistan Eýrandan gelýän daşary ýurt raýatlary üçin 24 sagatlyk ynsanperwerlik geçelgesini üpjün edýär. Häzirki wagtdaky ýagdaýa görä, Hindistanyň, Hytaýyň, Pakistanyň we beýleki ýurtlaryň raýatlary bolan ýüzlerçe adam barlag-goýberiş nokatlary arkaly Türkmenistanyň döwlet serhedinden geçdi.
Emeli aň we sanlylaşdyrma boýunça seminar geçirildi
Ýakynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde “Ýokary bilim ulgamynda sanlylaşdyrma, IT we emeli aň” atly okuw seminary geçirildi. Ony ABŞ-nyň Fullbright alyş-çalyş maksatnamasynyň hünärmeni doktor Melda Ýyldyz geçirdi.
2025-nji ýylyň maýy: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
Geçen aýda geçirilen köp sanly işewürlik duşuşyklary, gepleşikler, syýasy geňeşmeler, halkara forumlar, hökümetara toparlaryň mejlisleri we beýleki çäreler Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň döredijilik mümkinçilikleriniň açylmagyna, ähli gyzyklanma bildirýän döwletler we halkara guramalar bilen özara ynanyşykly gatnaşyklaryň has-da ösdürilmegine goşant goşdy.
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň we Päkistanyň portlarynyň wekilleri hyzmatdaşlygy giňeltmek hakynda maslahatlaşdylar
2025-nji ýylyň 17-njy iýunynda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň wekilleri bilen Päkistan Yslam Respublikasynyň Gwadar hem-de Karaçi portlarynyň wekilleriniň arasynda porty dolandyrmak we işletmek boýunça tejribe alyşmak babatynda hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin wideoaragatnaşyk arkaly gepleşik geçirildi.
Ýaş türkmenistanlylar küşt boýunça halkara ýaryşyň umumy medal hasabynda birinji orny eýelediler
18-nji iýunda paýtagtymyzda üç gün dowam eden küşt boýunça halkara ýaryş tamamlandy. Mälim bolşy ýaly, bu akyl-paýhas bäsleşigine Ýewropanyň, Aziýanyň 11 ýurdundan 8, 10 we 12 ýaşlaryndaky türgenleriň 129-sy gatnaşdy. Şol gün Arkadag şäherindäki “Märkaw” myhmanhanasynyň toý mekanynda halkara ýaryşa gatnaşyjylara Gahryman Arkadagymyzyň adyndan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň sowgatlarynyň gowşurylyş dabarasy boldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Palestina Döwletiniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
19-nji hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Palestina Döwletiniň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Rana Abu Hijlehi kabul etdi. Ilçi döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.
“Sanly çözgüt-2025”: emeli aň ugry hem goşuldy
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew “Sanly çözgüt — 2025” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigini geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýanyň we Hytaýyň Liderlerini Aşgabatdaky foruma çagyrdy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sişenbe güni “Merkezi Aziýa — Hytaý” formatynda geçirilen sammitde eden çykyşynda sammite gatnaşan ähli döwlet Baştutanlaryny halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp, şu ýylyň dekabrynda Aşgabatda geçiriljek iri halkara foruma gatnaşmaga çagyrdy.
Türkmenistan Russiýada geçiriljek Halkara ykdysady forumyna gatnaşar
2025-nji ýylyň 18-21-nji iýunynda Russiýada geçiriljek Halkara ykdysady forumyna Türkmenistan gatnaşar. Türkmenistanyň wekiliýetine premýer-ministriň orunbasary N.Ataguliýew ýolbaşçylyk eder.
Deňze çykalga — dünýä çykalga
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça III maslahatyny we ugurdaş çäreleri guramaçylykly hem-de ýokary derejede geçirmek maksady bilen hormatly Prezidentimiziň 4-nji iýulda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Karara gol çekmegi we bu iri forumyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek barada tabşyryklary bermegi bu halkara forumyň ýokary derejede geçiriljekdigine şaýatlyk edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.