Habarlar
Habarlar
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow LLDC maslahatynyň çäklerinde Tatarystanyň Baştutany bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça BMG-niň üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin ýurda gelen Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada sişenbe güni Tatarystan Respublikasynyň Baştutanynyň resmi metbugaty habar berdi.
LLDC ýurtlarynyň ulag çykdajylary eksport söwdalarynyň 15–20%-ne barýar
Duşenbe güni «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynda ösüp barýan, deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar boýunça BMG-niň Üçünji Maslahatynyň (LLDC3) çäklerinde geçirilen Ýaşlar forumynda Türkmenistanyň Bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýewiň öz çykyşynda bellemegine görä, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň (LLDC) ulag çykdajylary eksport söwdasynyň umumy bahasynyň 15–20 göterimine çenli ýetýär.
Mary halkara howa menzili halkara bäsleşigiň möhletini uzaldýar
"Türkmenhowaýollary" döwlet gullugynyň Mary halkara howa menzili menziliň içerki aragatnaşygyny üpjün etmek maksady bilen göterilýän döwrebap radiostansiýalary satyn almak boýunça öň “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetiniň 10.07.2025 senesindäki sanynda çap edilen açyk görnüşli halkara bäsleşigiň möhletini uzaldýar
BMG-niň üçünji maslahatynyň çäklerinde Ýaşlar forumy öz işine başlady
Düýn «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde Ýaşlar forumy öz işine başlady.
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Parlament forumy başlady
Düýn «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde Parlament forumy geçirildi.
Hazar deňziň kenarynda Raýat jemgyýetiniň forumy öz işine başlady
Düýn «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde Raýat jemgyýetiniň forumy öz işine başlady.
AWAZA FORUMYNYŇ ÇÄGINDE IKITARAPLAÝYN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
Şu gün ýurdumyzyň gözel künjegi bolan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 4-8-nji awgust aralygynda BMG-niň howandarlygyndaky Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň üçünji maslahaty öz işine başlady.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
4-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy.
Hazaryň türkmen kenary — giň möçberli halkara forumyň geçirilýän merkezi
3-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň başlanmagy mynasybetli baýdak galdyrmak dabarasy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň we Birleşen Milletler Guramasynyň resmi wekiliýetiniň agzalary gatnaşdylar.
Aşgabat — Türkmenbaşy ugry boýunça howa gatnawlary gaýtadan dikeldiler
«Türkmenistan» awiakompaniýasy» AGPJ 11-nji awgustdan başlap Aşgabat – Türkmenbaşy – Aşgabat ugry boýunça yzygiderli howa gatnawlaryny täzeden ýola goýar. Häzirki wagtda Aşgabatdan we welaýatlardan uçýan awiakompaniýanyň uçarlary Balkanabadyň Halkara howa menziline gonýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.