Habarlar / Metbugat habarlaryndan
Metbugat habarlaryndan

Parahatçylyga barýan aýdyň ýollar
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz dünýä ýurtlary we guramalary bilen hyzmatdaşlygy barha ösdürýär. Şunda hoşniýetlilik ýörelgesine, oňyn Bitaraplyk syýasatyna uly ähmiýet berilýär. Munuň şeýledigine Gahryman Arkadagymyzyň “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly ajaýyp eserinde görmek bolýar. Bu nusgalyk kitapda halkymyzyň parahatçylyk söýüjilik ýoly, hoşniýetlilik ýörelgesi hakynda giňişleýin, ylym esasda beýan edilýär.

Türkmen diplomatiýasynyň möhüm üstünligi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan dünýäde parahatçylygyň we ynanyşmagyň mekany hökmünde ykrar edilýär. Dünýäniň bu belent ynamy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň, beýik başlangyçlarynyň esasynda has-da pugtalandyrylýar.

Bilim kämillige tarap
Ýaş nesillere döwrüň talabyna laýyklykda bilim-terbiýe bermek, olaryň Watana wepaly, ilhalar, giň dünýägaraýyşly, ösen tehnologiýalardan ökdelik bilen baş çykarýan adamlar bolup ýetişmeklerini gazanmak Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan parasatly döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir.

Bilim — bagtyýarlygyň gözbaşy
«Bilim bilen hikmet — altyndan gymmat» ýaly pederlerimizden galan nakyllar halkymyzyň durmuş şygaryna öwrüldi. Şeýle bolansoň, häzirki wagtda bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hilini has-da ýokarlandyrmak we okatmagyň innowasion usullaryny, bilim edaralaryna sanly bilim tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak maksady bilen, uly işler durmuşa geçirilýär.

Sagdynlyk bagtyýarlygyň, ruhubelentligiň sakasydyr
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzyň her bir raýatynyň okamagy, öwrenmegi, alan hünäriniň eýesi bolmagy, zähmet çekmegi hem-de sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegi, sport bilen meşgullanmagy üçin ähli şertler döredilen. Arkadagly GAhryman Serdarymyzyň «Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygaryny ýörelge edinýän halkymyz abadan, parahat durmuşymyzyň hatyrasyna alnyp barylýan işlere mynasyp goşant goşmaga çalyşýar.

Sanly bilim ulgamy
Häzirki wagtda bilim ulgamynda beýik işler durmuşa ornaşdyrylýar. Ýurdumyzyň bilim ulgamyndaky düýpli täzelikleriň durmuşa geçirilmeginiň anyk maksatlary halkyň hal-ýagdaýynyň gowulandyrylmagyna, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip, uzak ýaşamagyna gönükdirilendir. Diýmek, bilimiň ösdürilmegi esasy zerurlyklaryň biri bolup, bu ulgam barha kämilleşdirilýär. Bilim-ylym ulgamynyň dürli basgançaklarynyň kämilleşdirilmegine örän möhüm ähmiýet berilýär.

ARASSAÇYLYK — SAGDYN ÝAŞAÝŞYŇ GÖZBAŞY
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ýokary depginli ösüşler bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent sepgitlerini nazarlap, öňe barýar. Şeýle ösüşi gazanmakda her bir raýatyň, ilki bilen, eziz Watanyna söýgüsiniň, halkyna we onuň geçmişine belent hormatynyň, ahlak terbiýesiniň, sowadynyň we biliminiň, bagtly durmuşa bolan okgunly isleginiň, ýetilen sepgide baha berip, ýetilmeli sepgitleri kesgitlemeginiň örän möhümdigini aýratyn nygtasymyz gelýär.

Sport – sagdynlyk, ruhubelentlik
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe adamlaryň bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmagy üçin ähli zerur şertler döredilendir. Çünki Türkmenistanda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň we sportuň ösdürilmegi milletiň saglygynyň berkidilmegine, berk bedenli we belent ruhly hem-de hyjuwly ýaşlaryň kemala gelmegine gönükdirilen syýasatymyzyň baş ugrudyr.

Bagtyýarlyk saglykdan başlanýar
Döwletliligiň sakasynda saglyk bar. Her bir haýyrly işi amala aşyrmak üçin hem ilkinji nobatda, saglyk gerek. Saglyk döwlet daragtynyň ösmegini üpjün edýän kök. Ol ähli beýik meýilnamalarymyzyň we oý-pikirlerimiziň durmuşa geçirilmeginiň esasydyr. Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda milli saglygy goraýyş ulgamynyň özgerdilmegi netijesinde bu ugurda ýokary derejelere, belent sepgitlere ýetilýär.

HAZARYŇ HALKARA HÖZIRI
Türkmenistan Watanymyzda ösüşleriň ösüşlere beslenýändigine, tebigatynyňam gözelligine gözellik goşulýandygyna biz Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň peşgeş beren Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň mysalynda göz ýetirýäris. Ynsanyň paýhasy hem-de yhlasy bilen tebigatyň görlüp-eşidilmedik derejede owadanlaşyp bilýändigi bolsa, Hazar deňziniň türkmen kenarynda döredilen “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň mysalynda öz aýdyň beýanyna eýe boldy.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.