Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
1673d6be47ce2e.jpeg
11 aý ozal
Banking awtomatizasiýasy üçin çözgüt we QR Pay tehnologiýasy tanyşdyryldy

14-16-njy noýabr aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda "Türkmentel-2024" Halkara sergisi we ylmy maslahaty geçirildi. IT-senagatynyň öňdebaryjy tehnologiýalarynyň arasynda Colvir Software Solutions kompaniýasynyň stendi hem bardy. IT-tehnologiýa, kommunikasiýa enjamlary we aragatnaşyk pudagynda işläp taýýarlamalary bilen tanyşdyrmagyň çäklerinde kompaniýa banking, poçta işiniň, elektron hökümetiniň awtomatizasiýasy üçin çözgütleri we QR Pay tehnologiýalary bilen tanyşdyrdy.

1673d6996e810b.jpeg
11 aý ozal
Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň rowaçlygynyň bähbidine durnukly ösüş ýoly bilen

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Watanymyzyň durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmäge, halkymyzyň durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga, ählumumy parahatçylygyň bähbidine ykdysady hyzmatdaşlygy, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge gönükdirilen giň gerimli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.

1673d7080054bc.jpeg
11 aý ozal
«Turkish Airlines»: täze nyrhlar we amatly tertipnama

«Turkish Airlines» awiakompaniýasy ýolagçylaryň Aşgabat — Stambul — Aşgabat gatnaw ugry boýunça hepdede 11 uçuşdan peýdalanyp biljekdigini ýatladýar. Gatnawlaryň çeýe tertibi ýolagçylara syýahat etmek, iş ýa-da dynç alyş maksatlary üçin iň amatly wagty saýlap almaga mümkinçilik berýär.

1673c17ec27c1c.jpeg
11 aý ozal
Aşgabatda «ITTC-2024» halkara ulag sergisi we maslahaty geçiriler

2024-nji ýylyň 26-27-nji noýabrynda Türkmenistanyň paýtagtynda «Halkara ulag we üstaşyr geçelgeleri: özara baglanyşyk we ösüş» (ITTC-2024) III Halkara maslahaty we sergisi geçiriler. Bu çäre Bütindünýä durnukly ulag gününe bagyşlanýar – diýip, ittc-turkmenistan.com saýtynda habar berilýär.

1673c19808270d.jpeg
11 aý ozal
“LS Cable & System Ltd” Türkmenistanyň telearagatnaşyk bazaryna gyzyklanma bildirýär

Günorta Koreýanyň “LS Cable & System Ltd” kompaniýasy telearagatnaşyk ulgamynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini öwrenýär. Bu barada kompaniýanyň wekili Deniel Kim 14 – 16-njy noýabrda Aşgabatda geçirilen “Türkmentel-2024” halkara sergisinde maglumat berdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty şenbe güni habar berdi.

1673c2133590e8.jpeg
11 aý ozal
Türkmenistan bilen “SpaceX” ikinji aragatnaşyk hemrasyny işläp taýýarlamagy meýilleşdirýärler

“SpaceX” kompaniýasy bilen Türkmenistan ikinji aragatnaşyk hemrasyny işläp taýýarlamagy meýilleşdirýärler. Bu barada kompaniýanyň wekili Ýelena Paýşer Aşgabat şäherinde penşenbe güni açylan telearagatnaşyk we teleradioýaýradyş enjamlaryna bagyşlanan “Türkmentel-2024” atly sergide maglumat berdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

1673c15c4ad6af.jpeg
11 aý ozal
Türkmen telekeçileri Pekinde geçiriljek iri awtoulag sergisine çagyrylýar

Türkmen telekeçileri 2025-nji ýylyň 21 – 24-nji fewralynda Pekin şäherinde geçiriljek täze energetika ulag serişdeleriniň halkara tehnologiýa sergisine (CINEVE-2025) gatnaşmaga çagyrylýar. Bu barada TSTB şenbe güni habar berdi.

1673c144098aa1.jpeg
11 aý ozal
Telearagatnaşyk enjamlary öndürýän “Hytera” türkmen bazaryna girmek mümkinçiliklerini öwrenýär

Hytaýyň ýokary derejeli telearagatnaşyk enjamlary öndürýän “Hytera” kompaniýasy türkmen bazaryna bolan gyzyklanmalaryny beýan etdi. Bu barada kompaniýanyň Gyrgyzystandaky wekili Daniýar Taşkunow 14 – 16-njy noýabrda Aşgabat şäherinde geçirilen “Türkmentel-2024” halkara sergisiniň çäklerinde mälim etdi.

1673c13373f4bc.jpeg
11 aý ozal
Ýurdumyzda Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär

18-nji noýabrda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Medeni-ynsanperwer gatnaşyklar türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunda bilelikdäki medeni çäreleriň yzygiderli geçirilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Şu gezekki döredijilik çäresi hem munuň aýdyň güwäsidir.

1673ad5e59e938.jpeg
11 aý ozal
Türkmenistan demir ýol infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrýamagyň çäginde täze demir ýol stansiýalaryny gurar

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew Türkmenistanyň demir ýol pudagyny döwrebaplaşdyrmak üçin görülýän çäreler barada hasabat berdi. Bu işleriň çäginde ýurduň dürli sebitlerinde täze demir ýol stansiýalaryny gurmak meýilleşdirilýär, bu maddy-enjamlaýyn binýady berkitmekde we pudagyň işgärleri üçin iş şertlerini kämilleşdirmekder möhüm ädim bolar.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.