Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
Lebap welaýatynda TM Wi-Fi giriş nokatlary gurnaldy
Wi-Fi işleýän ýerleri bolan interaktiw karta kompaniýanyň resmi web sahypasynda çap edildi. Türkmenistanda Wi-Fi torlarynyň gurşawy yzygiderli giňelýär.
Parahatçylyga we ynanyşmaga ýugrulan halkara hyzmatdaşlyk
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan Watanymyzyň ähli döwletler we abraýly halkara guramalary bilen özara gatnaşyklary giňeltmek ýurdumyzda ileri tutulýan ugur bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, 29-njy noýabrda paýtagtymyzdaky köpugurly işewürlik merkezli «Garagum» myhmanhanasynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitiniň jemlerine bagyşlanan metbugat maslahaty geçirildi.
DEMIRGAZYK SEBITDE JOŞGUNLY ZÄHMET MÖWÇ ALÝAR
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň asylly başlangyçlary boýunça ýaýbaňlandyrylýan ösüşleriň çäklerinde milli ykdysadyýetimiziň ösmeginde möhüm orny eýeleýän ýurdumyzyň ulaglar düzümini düýpli, toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek boýunça giň gerimli taslamalaryň yzygiderli amala aşyrylmagy dowam etdirilýär.
Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň ulag-üstaşyr geçelgeleriniň merkezidir
Mälim bolşy ýaly, dünýä ykdysadyýetiniň möhüm ugry hasaplanýan ulag ulgamy milli ykdysadyýetimiziň innowasiýa ýoly bilen durnukly ösmeginiň esasy şertleriniň biri bolup durýar. Ulaglar ulgamy dünýäni ählumumylaşdyrmak hadysasynda ýollary, ýurtlary ýakynlaşdyrmakda hem-de halklary dostlaşdyrmakda aýratyn orny eýeleýär, ählumumy ykdysady gatnaşyklaryň möhüm şertine öwrülýär.
“Demirýollary” AGPJ halkara bäsleşik yglan edýär
“Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti transformator ýaglaryny satyn almak boýunça gaýtadan №DÝ/AGPJ-021 belgili açyk halkara tender yglan edýär
Aragatnaşykçylaryň «Altyn Asyr» topary nobatdaky Naýbaşy kubogyna mynasyp boldy
Paýtagtymyzyň «Altyn asyr» topary Aşgabadyň «Köpetdagyny» 2:0 hasabynda utup, taryhynda ýedinji gezek ýurdumyzyň Naýbaşy kubogyny gazanmagy başardy.
ULAG ULGAMYNYŇ DURNUKLY ÖSÜŞI
Hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem ýurdumyzda ykdysady we durmuş ösüşiniň möhüm şerti hökmünde köpugurly ulag düzümini kämilleşdirmekden ybaratdyr. Bu ulgamda milli Liderimiziň başlangyjy bilen giň gerimli taslamalar, täze awtomobil we demir ýollaryny gurmak, öňki hereket edýänleriň durkuny täzelemek, raýat awiasiýasynda we deňiz ulaglary ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça ägirt uly işler durmuşa geçirilýär.
Poçta aragatnaşygynyň kanunçylyk binýady
«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019‒2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» we Arkadag Prezidentimiziň şu ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlary bilen geçiren duşuşygynda we 14-nji aprelinde Milli Geňeşiň iki palatasynyň birinji bilelikdäki mejlisinde, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde öňde goýan wezipeleri kanunçykaryjy edaranyň wekilleri üçin işde möhüm gollanma bolup hyzmat edýär.
ÝÜK WAGON ABATLAÝYŞ HOWLULARY: BAGTYÝAR ZÄHMETIŇ JOŞGUNY
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň üstünlikli ösüşiniň aýrylmaz we möhüm bölegi bolup durýan döwrebap ulaglar düzüminiň kemala getirilmegi hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän oňyn içerki hem-de daşarky syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.
INNOWASION ULGAMYŇ BATLY GADAMLARY
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda sanly ulgamyň ösdürilmegi uzakmöhletleýin ykdysady ösüşi we ýokary öndürijiligi gazanmaga, ýurdumyzyň jemi içerki önüminiň düzüminde maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň paýyny artdyrmaga, döwlet dolandyryşynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, esasy önümçilik-ykdysady işleriň ähli görnüşlerini awtomatlaşdyrmaga we merkezleşdirilen tertipde dolandyrmaga, täze iş orunlaryny döretmäge giň mümkinçilikli şertleri döreder.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.