Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER

«Türkmenhowaýollary» ýük gatnawlaryny ýola goýýar
Halkara gatnaşyklarynyň täze tapgyrlara çykyp, sebit ähmiýetli işleriň hasyl edilýän häzirki döwründe Türkmenistan döwletimiziň daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary hem täze netijeleri berýär. Munda häzirki ýagdaýlar bilen baglylykda demir ýol hem awtoulaglar arkaly ýük gatnawlaryny amala aşyrylan bolsa häzirki wagtda howa ulaglary arkaly hem ýükleri kabul etmek hem-de ugratmak işleri ýola goýulýar.

Awtoulaglar pudagynyň düzümi kämilleşer
Ulag ulgamynyň ýolagçy gatnawlaryny amala aşyrýan iň bir işjeň pudaklarynyň biri bolan awtoulaglar pudagy milli Liderimiziň başlangyçlary bilen täze talaplara eýe bolup, döwrebap usullar arkaly ýolagçylara hyzmat edýär.

Zähmeti kämilleşdirmek maksady bilen
Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen häzirki döwürde ýurdumyzyň aragatnaşyk ulgamynyň döwrebap derejede kämilleşdirilişi depginli alnyp barylýar. Munuň bilen baglylykda bu ugruň dürli pudaklarynda zähmet çekýän hünärmenleriň hem, olaryň işleriniň häzirki zaman şertlerine laýyklykda ýola goýulmagy hem giň gerime eýe bolýar.

ÝURDUMYZda INNOWASION LOGISTIKA pudagy KEMALA GELÝÄR
Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny innowasiýa taýdan has-da ösdürmäge, dünýä derejelerine ýetirmäge gönükdirilen maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda bu ugurdaky gatnaşyklary sazlaşykly ösdürmek bilen bagly meseleler «Döwlet ylmy — tehniki syýasaty hakynda», «Inowasiýa işi hakynda» Türkmenistanyň kanunlary, birnäçe kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen düzgünleşdirilýär.

ULAG ULGAMYNDAKY HALKARA HYZMATDAŞLYK barha ilerleýär
Hormatly Prezidentimiziň: «Türkmenistanyň dünýäniň aragatnaşyk giňişliginde möhüm baglanyşyk ulgamyna öwrülmegi üçin ulag ulgamynyň ähli pudaklaryna iri maýa goýumlaryny gönükdirmek bilen, iri göwrümli taslamalaryň başyny başladyk» diýen parasatly sözleri bu günki gün biziň durmuş ýörelgämize öwrüldi.

demir ýol ulgamynda ösüşli gatnaşyklaryň TÄZE SAHYPASY
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda döwletimizde sebit we yklym ulag-üstaşyr ulgamy döretmek boýunça taslamalaryň amala aşyrylmagyna uly ähmiýet berilýär. Şol bir wagtda, ýurdumyzyň ulag-logistiki mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak, häzirki zaman demir ýol köprülerini, ulag-logistiki babatda wajyp desgalary gurmak boýunça taslamalar, maksatnamalar durmuşa geçirilýär.

SANLY BILIM — DÖWREBAPLYGYŇ NUSGASY
Watanymyzyň bedew batly gadamlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly başlangyçlary esasynda döwrüň täze gazananlary bilen depginli dowam edýär. Muny häzirki wagtda ýurduň ösüşi üçin wajyp bolan ugurlaryň esasy orunda goýulýanlygy hem subut edýär. Çünki şu günüň gözi bilen dünýäniň häzirki ösüş derejesine nazar aýlanyňda, tehnologiýanyň döredýän mümkinçiliklerini amatlyklar üçin peýdalanmak zerury ýagdaý bolup ör-boýuna galýar.

Hyzmatdaşlygyň täze ugurlary
Türkmenistany ykdysady taýdan ösdürmekde hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda köp şahaly, döwrebap ulag düzümini döretmek boýunça durmuşa geçirýän işleriniň bahasyna ýetip bolmajak ähmiýeti bardyr. Bu mümkinçiliklerden netijeli peýdalanýan «Türkmendemirýollary» agentliginde hem goňşy döwletler we beýleki dostlukly döwletler bilen işjeň hyzmatdaşlyklar ýola goýlup, täze mümkinçilikler döredilýär.

Awtomobil ulaglary ulgamynda halkara gatnaşyklar barha giňeýär
3-nji fewralda Daşary işler ministrliginde Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň (IRU) Baş sekretary Umberto de Pretto bilen wideomaslahat geçirildi.

HYZMATLARYŇ HILi ÝOKARLANÝAR
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda häzirki zaman ulag-üstaşyr logistik düzümler, aragatnaşyk we telekommunikasiýa ulgamy kemala getirilýär. Munuň özi Beýik Ýüpek ýolunyň döwrebap derejede, täze röwüşde dikeldilýändiginiň aýdyň mysalydyr.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.