Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
Halkara maliýe guramalary Türkmenistanda ulag taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşýarlar
Halkara banklar Türkmenistanda birnäçe ulag taslamalary maliýeleşdirmäge gatnaşýarlar. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy Rahymberdi Jepbarow şu ýylyň 3-4-nji maý aralygynda Aşgabatda geçirilen “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023” atly II halkara maslahatyň dowamynda eden çykyşynda aýtdy.
Owganystan sebitara gatnaşygyny ýokarlandyrmak üçin demir ýol ulgamyny gurmagy meýilleşdirýär
Bu demir ýol ulgamy Gündogar Aziýany Eýran, Türkiýe we Ýewropa bilen birleşdirýän Owganystanyň dokuz welaýatynyň 37 sany etrabyndan geçer.
Türkmen hünärmenleri «Russiýanyň demir ýollarynyň» Korporatiw uniwersitetinde okuw geçerler
Türkmen hünärmenleri «Russiýanyň demir ýollarynyň» (РЖД) Korporatiw uniwersitetinde okuw geçerler – diýip, TASS habar berýär.
ITTC-2023 ulag forumynyň çäklerinde 30-a golaý resminama gol çekildi
«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş— 2023» maslahatynyň meýdançasynda Türkmenistanyň ulag agentlikleri bilen daşary ýurt kompaniýalarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen dürli resminamalaryň otuza golaýyna gol çekildi.
«Türkmenaragatnaşyk» agentligi Türkmenistanda onlýan-söwdaanyň ösmegine ýardam eder
Häzirki wagtda Türkmenistanda 270-e golaý onlaýn-meýdança bar, bu bolsa ýurtda internet-söwdanyň artýan ornuny görkezýär. Onuň ösmegi üçin döwlet derejesinde änyk ädimler ädilýär – diýip, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygy Hajymyrat Hudaýgulyýew ITTC-2023 halkara ulag maslahatyndaky çykyşynda nygtady.
«FlyDubai» Dubaýdan Aşgabat şäherine uçuşlaryň sanyny köpeltdi
«FlyDubai» Dubaýdan (BAE) Aşgabat (Türkmenistan) şäherine uçuşlarynyň sanyny hepdede dört gezege çenli artdyrdy. Indi şenbe güni hem bu ugur boýunça uçuşlar amala aşyrylar.
«Lebapawtoulag» «C» we «D» derejeleri sürüjilik şahadatnamasy bolan raýatlary işe çagyrýar
«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň «Lebapawtoulag» önümçilik birleşigi «C» we «D» derejeleri sürüjilik şahadatnamasy bolan raýatlary awtobuslary, ýük awtoulaglary dolandyrmak üçin sürüji bolup işlemäge çagyrýar.
Arkadag hem-de Aşgabat şäherleriniň arasynda tiz otlulary işe girizmek teklip edildi
«RŽD» açyk paýdarlar jemgyýeti Türkmenistana Arkadag — Aşgabat ýolunda sagatda 140 km tizlikli sebit ýolagçy otlusynyň taslamasyny teklip etdi. Muny halkara ulag-üstaşyr forumyna gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna gelen «RŽD» AGPJ baş direktorynyň birinji orunbasary Sergeý Pawlow habar berdi.
«Kras-Logistics» Türkmenistanda şahamçasyny açmagy meýilleşdirýär
Germaniýanyň «Kras-Logistics» transport kompaniýasy Türkmenistanda wekilhanasyny açmagy meýilleşdirilýär. Muny «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023» atly halkara maslahata gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine gelen «Kras-Logistics GmbH»-iň baş müdiri Haýnrih Waal mälim etdi.
HALYPA HÜNÄRMEN
Her bir dogýan Günüň ak säherini alnyňa sylyp, eşretli durmuşda ýaşap, ýurdumyzyň awtomobil pudagynyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmak paýynyň nesibäňe düşmegi bagtyýarlykdan nyşandyr. Ömür ýuwaş-ýuwaşdan garramak däl-de, kem-kemden kämilleşmekdir. Şuňa ýaşlykdan göz ýetirip, öz ukyp-başarnygyňy açyp, şol ugurdan kämillige ymtylsaň, ol seni hökman üstünlige getirer. Ol üstünliklere ýetmek üçin hem, ilki başdan öňüňde anyk maksat goýmak zerur.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.