Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
Ermenistan Türkmenistanyň üsti bilen ermeni ýüklerini daşamaga gyzyklanma bildirýär
Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky ilçisi M.Aýazow Ermenistanyň Söwda-Senagat edarasynyň ýerine ýetiriji direktory A.Aleksanýan bilen duşuşdy. 10-njy maýda bolan söhbetdeşligiň barşynda ulag-logistika infrastrukturasynyň meseleleri we täze logistika ugurlaryny ýola goýmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berilýär.
«Çapar» ykjam programmasynyň hyzmaty giňeýär
«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň köp maksatly «Çapar» ykjam programmasynyň «Maglumathana» bölüminde dürli ugurlar boýunça giň gerimli maglumat almak mümkindir.
Türkmenistan 2023-nji ýylyň güýzünde TRASEKA-nyň doly hukukly agzasy bolar
Türkmenistan eýýäm şu ýylyň güýzünde TRASEKA-nyň agzasy bolup biler. Bu barada maksatnamanyň hökümetara toparynyň hemişelik sekretariatynyň baş sekretary Aset Asawbaýew beýan etdi.
Astrahandaky türkmen diplomatlary ýerli gämi gurluşyk pudagy bilen tanyşdylar
Türkmenistanyň Astrahandaky konsuly Nury Gölliýew Birleşen gämi gurluşyk korporasiýasynyň direktorlar geňeşiniň baştutany Georgiý Poltawçenko bilen duşuşdy, ol diplomata 00108 birinji konteýner daşaýjynyň gurluşygyna başlanandygy barada habar berdi – diýip, türkmen konsullygy habar berýär.
“Rockwell Automation” kompaniýasy Türkmenistana awtomatlaşdyryş çözgütlerini hödürleýär
Dünýädäki iň uly senagat awtomatizasiýasy we sanly aragatnaşyk bilen meşgullanýan “Rockwell Automation” kompaniýasy Azerbaýjana we Türkmenistana hyzmatlary bermek üçin “AB Market” kompaniýasy bilen bilelikde giňeldilen hyzmatdaşlygy yglan etdi.
Hytaýyň 2023-nji ýylyň ilkinji dört aýynda Türkmenistan bilen ulaglar arkaly söwda dolanyşygy artdy
«Sinhua» habar gullugynyň habaryna görä, şu ýylyň ilkinji dört aýynda Hytaýyň daşary söwdasy depginli ösüş görkezdi. Hususan-da ýurduň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen söwda dolanyşygy artdy diýlip, habarda bellenilýär.
Türkmenbaşy porty halkara hyzmatdaşlygy giňeldýär we bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrýar
“Türkmendeňizderýaýollary” agentligi pudaklaýyn ösüşiň ileri tutulýan ugurlary boýunça halkara hyzmatdaşlygyny giňeldýär. 3-4-nji maýda Aşgabatda geçirilen ITTC-2023 Halkara ulag forumynyň çäginde agentligiň düzümine girýän kärhanalar daşary ýurt kompaniýalary bilen täze ylalaşyklary baglaşdylar.
Hytaý kompaniýasy Türkmenistana Hazaryň düýbüni çuňlaşdyrmak işleri üçin läbik sorujy snarýady iberdi
Qingdao Relong Technology Co., Ltd. hytaý kompaniýasy Hazar şäheriniň golaýynda Hazar deňziniň kenarynda düýbi çuňlaşdyrmak işleriniň geçirilmegi üçin läbik sorujy dredgingi Türkmenistana iberdi – diýip, Dredging Today habar berýär.
Türkmenistanyň Belgiýa bilen ulaglar arkaly eksporty 15 esse ýokarlandy
Türkmenistan 2023-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda umumy bahasy 2,33 million ýewro barabar bolan harytlary Belgiýa eksport etdi. Bu barada Ýewropa Bileleşiginiň Statistika gullugynyň hasabatyna salgylanyp, «Trend» habar berýär.
Gazagystan Türkmenistan bilen araçäkdäki geçiş nokadyndan geçirijilik ukybyny 12 esse artdyrar
Gazagystan Türkmenistan bilen araçäkdäki «Temir-baba» geçiş nokadynda serhet geçelgelerini döwrebap;aşdyrmak boýunça işleriň başlanmagy sebäpli ulag serişdeleriniň geçirilişini çäklendirdi, ol 2024-nji ýylyň aýagyna çenli geçirijilik ukybynyň 8-12 esse artdyrylmagyny üpjün eder.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.