Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
1689c1278a534a.jpeg
2 aý ozal
Awazada Hazar deňziniň gününe bagyşlanan çäreler geçirildi

12-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Hazar deňziniň güni dabaraly bellenildi.

1689ae776db035.jpeg
2 aý ozal
«Türkmenistan» awiakompaniýa Aşgabat — Türkmenbaşy ugry boýunça günde 6 uçuş amala aşyryp başlady

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Türkmenbaşy halkara howa menziline uçuşlaryň ýygylygyny günde 6 uçuşa çenli ýokarlandyrdy. Bu barada awiakompaniýa habar berýär.

1689ad68cc3d41.jpeg
2 aý ozal
Türkmenistan Ýewraziýanyň ulag çarçuwasynyň ösdürilmegine 5,3 mlrd dollar maýa goýýar

2025-nji ýylyň 1-nji iýuly ýagdaýyna görä, Türkmenistanyň Ýewraziýanyň ulag çarçuwasynyň (ÝUÇ) ösdürilmegine goýlan maýa goýumlarynyň möçberi 5,3 milliard ABŞ dollaryna ýetdi. Bu barada «Report» Ýewraziýa ösüş bankynyň “Ulag taslamalarynyň obserwatoriýasynyň» maglumatlaryna salgylanyp habar berýär.

1689ad457c6027.jpeg
2 aý ozal
Ulaglar arkaly türkmen-azerbaýjan söwda dolanyşygy barha artýar

2025-nji ýylyň ýanwar–iýun aýlarynda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky söwda dolanyşygy $140,2 milliona deň boldy. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Azerbaýjanyň daşary söwda dolanyşygyndaky paýy 0,57% deň bolup durýar, diýip “Trend” agentligi penşenbe güni habar berdi.

1689ae9556b5f3.jpeg
2 aý ozal
Türkmenistanyň raýat awiasiýasy üçin uçarmanlar Türkiýede taýýarlanylar

“Türkmenistan” awiakompaniýasy” AGPJ bilen Turkiýe Respublikasynyň Turk Hava Kurumu Uniwersitetiniň arasynda gol çekilen “Özara düşünişmek hakynda Ähtnama” laýyklykda, Türkiýe Respublikasynyň Türk aeronawtika birleşigi uniwersitetinde 2025-2029-nji okuw ýyllary boýunça Türkmenistanyň raýat awiasiýasy üçin uçarmanlary taýýarlamak meselesine seredildi.

1689ad2f5380ab.jpeg
2 aý ozal
Umumy maksatlaryň bähbidine netijeli dialogy pugtalandyryp

Hazaryň türkmen kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler (DÇBÖBD) boýunça üçünji maslahaty ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine sebit we halkara derejede hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga möhüm goşant boldy.

1689ad79628615.jpeg
2 aý ozal
Türkmenistan sebitdäki ulag düzgünleşdirmesi ulgamynda iň ýokary baha aldy

Soňky serhetara söwda we ulag baglanyşyklylygy indeksiniň (CBTTFI) seljermesine görä, Türkmenistanyň geçelgeleri «ulag düzgünleşdirmesi» kategoriýasynda iň ýokary — 100 göterim — baha aldy. Bu barada Aziýanyň Ösüş Bankynyň (AÖB) täze hasabatyna salgylanyp, Trend habar berýär. Bellenilişine görä, bu barlag Azerbaýjan, Gruziýa, Özbegistan, Pakistan we Türkmenistan ýaly sebit ýurtlarynyň alty serhet geçiş nokadyny öz içine aldy.

168998bfa414e4.jpeg
2 aý ozal
Aşgabat-Türkmenbaşy ugry boýunça awtobus gatnawlarynyň sany artdyryldy

«Awtomobil ulag hyzmatlary» AGPJ häzirki wagtda Aşgabat-Türkmenbaşy ugry boýunça awtobus gatnawlarynyň hereket edýändigini habar berýär. Ýolagçylaryň amatlylygyny ýokarlandyrmak we paýtagt bilen Türkmenbaşy şäheriniň arasyndaky ulag aragatnaşygyny gowulandyrmak maksady bilen, gatnawlaryň sany üçe ýetirildi.

168998a32a085e.jpeg
2 aý ozal
"Belavia" Minskden Türkmenbaşy şäherine göni howa gatnawlaryny dikelder

"Belavia" awiakompaniýasy Minskden Türkmenbaşy şäherine uçar gatnawlarynyň dikeldilýändigi barada habar berdi. Uçuşlaryň wagtlaýyn geçirilen Balkanabat şäherine soňky gatnaw 9-njy awgustda amala aşyrylar. Eýýäm 11-nji awgustdan başlap uçarlar Türkmenbaşy şäherine gonarlar.

16899869ba2ee5.jpeg
2 aý ozal
Türkmenistan bilen Kipr ulag-logistika ulgamlarynda täze ädimleri kesgitlediler

Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň ýolbaşçylary Awazada geçirilen Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça BMG-niň üçünji maslahatynyň (LLDC3) çäklerinde ýurdumyza sapar bilen Kipr Respublikasynyň gämi gatnawy ministriniň orunbasary Marina Hadžimonotli bilen duşuşdylar.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.