Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
Aşgabat “Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty we energetikasy” halkara maslahatyny, sergisini geçirer
2024-nji ýylyň 3 – 5-nji noýabrynda Aşgabatda “Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty we energetikasy” atly halkara maslahaty we sergisi (CIET-2024) geçiriler. Bu barada çäreleri guraýjylaryň web-saýtynda habar berilýär.
“Türkmenistan” awiakompaniýasy halkara uçuşlaryň täzelenen tertibini çap etdi
“Türkmenistan” awiakompaniýasy 27-nji oktýabra çenli hereket etjek halkara uçuşlaryň täzelenen tertibini çap etdi. Bellenen döwre çenli milli awiakompaniýa dünýäniň iri 12 şäherine uçuşlary amala aşyrar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi.
Türkmen kompaniýalary Astanada geçiriljek «TransLogistica Kazakhstan—2024» sergisine gatnaşarlar
2024-nji ýylyň 9-11-nji oktýabry aralygynda Gazagystanyň paýtagtynda «Ulag we Logistika» — «TransLogistica Kazakhstan—2024» halkara sergisi geçiriler. Bu çäre EXPO Halkara sergi merkezinde bolar.
Aragatnaşyk we jemagat hyzmatlary üçin tölegleri e.gov.tm arkaly amala aşyryp bolýar
Şu gün sentýabr aýy tamamlanýar, bu bolsa jemagat hyzmatlary we aragatnaşyk hyzmatlary üçin tölegleriň wagtynyň ýetip gelenini aňladýar. "Türkmentelekom"-dan internet we telefon hasaplary, "Alem TV" telewideniýesi, "AŞTU"-dan internet we IPTV, şeýle hem "Belet Film" onlaýn kinoteatry - bularyň hemmesi öz wagtynda tölenmelidir.
«Türkmenawtoulaglary» agentligi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni baýramynyň dabaraly ýörişine gatnaşdy
Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli Aşgabatdaky Döwlet münberiniň toplumynyň öňündäki meýdançada uly dabaralar geçirildi. Baýramçylygyň esasy pursatlarynyň biri ýurduň öňdebaryjy ulag agentlikleriniň gazananlaryny we üstünliklerini şöhlelendirýän bezegler bilen bezelen awtoulag platformasy boldy.
Antoniu Gutterriş Türkmenistanyñ hemişelik Bitaraplyk syýasatyna ýokary baha berdi
28-nji sentýabrda, şenbe güni Türkmenistanyñ Ministrler Kabinetiniñ Başlygynyñ orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Birleşen Milletler Guramasynyñ Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda BMG-niñ Baş sekretary Antoniu Gutterriş bilen duşuşdy.
Türkmenistan, YHG Demirgazyk-Günorta, Gündogar-Günbatar geçelgeleriniň mümkinçiliklerini artdyrmagy maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň daşary işler ministri penşenbe güni Nýu-Ýorkda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Baş sekretary Asad Majid Han bilen duşuşdy. Duşuşykda Demirgazyk-Günorta we Gündogar-Günbatar ugurlary boýunça ulag-üstaşyr geçelgeleriniň mümkinçiliklerini artdyrmak hem-de serhetüsti ykdysady işjeňligi goldamak ara alyp maslahatlaşmalaryň esasy mazmuny boldy.
Türkmenistan Berlin şäherinde geçirilýän InnoTrans Halkara ulag sergisine gatnaşýar
"Demir ýollary" açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň wekilleri 24-nji sentýabrda Berlinde açylan InnoTrans 2024 Halkara ulag sergisine gatnaşýarlar.
Watanymyzyň Şanyna yhlasly we döredijilikli zähmet üçin döwlet sylaglary
25-nji sentýabrda paýtagtymyzda Garaşsyz Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, ýurdumyzyň halkara abraýyny belende götermäge uly şahsy goşant goşan halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň iň gowy işgärlerine, önümçiligiň öňdebaryjylaryna, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekillerine, döredijilik işgärlerine, zähmet weteranlaryna ýokary döwlet sylaglaryny we hormatly atlaryň dakylandygy baradaky nyşanlary gowşurmak dabarasy geçirildi.
Türkmenistanyň täze raýatlaryna pasportlar gowşuryldy
25-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Döwlet migrasiýa gullugynda Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen adamlara pasportlary gowşurmak dabarasy boldy. Ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygyna gabatlanyp geçirilen bu çäre ýurdumyzyň halkara ynsanperwerlik hukugynyň ýörelgelerine berk ygrarlydygynyň nobatdaky aýdyň mysaly boldy.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.