Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
16704c9fd6ec59.jpeg
1 ýyl ozal
Gyrgyzystan Hazarüsti geçelgesi we Türkmenistanyň çäginden ýükleri üstaşyr geçirmegiň mümkinçilikleri bilen gyzyklanýar

Gyrgyz Respublikasynyň Ulag we aragatnaşyk ministriniň orunbasary Bekžan Rysmendeýew öz ýurdunyň Hazarüsti ulag geçelgesiniň ösdürilmegine gyzyklanma bildirýändigini we infrastrukturany hem-de multimodal logistikany kämilleşdirmek başlangyçlaryny goldaýandygyny beýan etdi.

16704c8c99861b.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmenistan we ÝB täze ulag geçelgelerini döretmegi maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Ýewropanyň daşary aragatnaşyklar gullugynyň Merkezi Aziýa boýunça bölüminiň başlygy Ditmar Krissleriň ýolbaşçylygyndaky Ýewropa komissiýasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirdi. Gepleşiklerde täze ulag geçelgelerini döretmek meseleleri maslahatlaşyldy.

16704c737ece2e.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmenistanda täze lukmançylyk merkezleri açylar

9–12-nji oktýabrda Türkmenistanda birnäçe lukmançylyk merkezleri, kärhana hem-de arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gulluklarynyň edara binalary açylar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

16704c50066d69.jpeg
1 ýyl ozal
Döretmek we gurmak — döwletiň hem jemgyýetiň ösüşiniň möhüm şerti

Eziz Diýarymyzyň gülläp ösüşini, halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmek hormatly Prezidentimiziň ylmy taýdan esaslandyrylan durmuş-ykdysady strategiýasynyň baş maksadydyr. Bu syýasatyň ileri tutulýan ugurlary milli ykdysadyýetimizi depginli ösdürmäge, halkymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň möçberli maksatnamalarda aýdyň beýanyny tapýar.

166ff73620bfba.jpeg
1 ýyl ozal
Ulag-kommunikasiýa pudagynda halkara hyzmatdaşlyk giňeldilýär

3-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky «Arçabil» myhmanhanasynda Hazarüsti ulag geçelgesiniň utgaşdyryjy platformasyny işe girizmek boýunça ýokary derejeli duşuşyk geçirildi.

166ff8ad52c7e5.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmenistan “Lapis Lazuli” ulag geçelgesi boýunça ulag ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy

Türkiýäniň, Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň we Owganystanyň ulag pudagynyň ýokary derejeli ýolbaşçylary Stambulda geçirilen “Lapis Lazuli” ulag geçelgesiniň ministrler derejesindäki duşuşygyna gatnaşdy. Türkmenistan bu duşuşyga «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň ýolbaşçysy bilen wekilçilik etdi.

166ff76c127ad7.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmen we ýapon gümrükçileri Ygtyýarly ykdysady operatorlar maksatnamasy boýunça tejribe alyşdylar

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda Ýaponiýanyň Ygtyýarly ykdysady operatorlar (YYO) maksatnamasyny durmuşa geçirmek we tejribesini öwrenmek maksady bilen, sanly ulgam arkaly okuw maslahaty geçirildi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» habar berýär.

166fee8e75d3d9.jpeg
1 ýyl ozal
2024-nji ýylyň 8 aýynda Birleşen ulag-logistika kompaniýasynyň üstaşyr ýük gatnawlary 1,9 esse ýokarlandy

2024-nji ýylyň ýanwar-awgust aýlarynyň netijelerine görä, «Hytaý-Ýewropa-Hytaý» ugry boýunça Birleşen ulag-logistika kompaniýasynyň — Ýewraziýa demir ýollary alýansynyň (ОТЛК ERA — Russiýa, Gazagystan we Belarus tarapyndan esaslandyrylan bilelikdäki kärhana) üstaşyr konteýner gatnawynyň mukdary 296,2 müň TEU boldy, bu geçen ýylyň görkezijisinden 1,9 esse köpdür.

166ff750fdbae3.jpeg
1 ýyl ozal
“Turkish Airlines” strategik hyzmatdaşlyk arkaly TKCONNECT-iň gerimini giňeldýär

“Turkish Airlines” awiakompaniýasy öňdebaryjy kontent düzüjileriň topary bilen strategik hyzmatdaşlyk etmek arkaly TKCONNECT ekoulgamyny giňeldýändigini yglan etmek bilen NDC (New Distribution Capability) ölçeglerine laýyk gelýän paýlaýyş maksatnamasyny ösdürmekde möhüm ädim ätdi.

166fe3c3a49231.jpeg
1 ýyl ozal
Aşgabat-Seul hyzmatdaşlygy: göni gatnawlar we täze taslamalar

Mälim bolşy ýaly, golaýda Koreýa Respublikasynyň ýer, infrastruktura we ulag ministri Pak San U Türkmenistanda saparda boldy. Iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga gönükdirilen bu saparyň çäklerinde birnäçe duşuşyklar geçirildi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.