Habarlar / Hepdäniň möhüm wakalary
Hepdäniň möhüm wakalary
1654f1e88b9e30.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

10-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň on aýynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklary tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi, birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

1654dacfeb0c40.jpeg
2 ýyl ozal
Hormatly Prezidentimiz YHG-nyň 16-njy sammitine gatnaşdy

9-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň 16-njy sammitine gatnaşmak üçin Özbegistan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy.

1654c660b831b5.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

8-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.

1654c649b77832.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň mejlisine gatnaşmak üçin Daşkende bardy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) 16-njy mejlisine gatnaşmak üçin Daşkende bardy. Döwlet Baştutanymyzy Özbegistanyň paýtagtyndaky Yslam Karimow adyndaky halkara howa menzilinde Özbegistanyň resmi adamlary we Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň agzalary garşyladylar.

1654b11ccc04a9.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistan ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýar

Geçen hepdäniň wakalary Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň yzygiderli berkidilýändiginiň, ýurdumyzyň «Döwlet adam üçindir!» şygary astynda amala aşyrylýan durmuş ugurly syýasata ygrarlydygynyň, ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlykda jogapkärli, işjeň we başlangyçly orny eýeleýändiginiň nobatdaky beýany boldy.

16549b7fc74de7.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

6-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

165486a405e405.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary

3-nji noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň 10-njy sammitine gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş sapary boldy.

1654868b8c4191.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistanyň Prezidenti «Çalik Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygyny kabul etdi

3-nji noýabrda Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Çalik Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi.

1654865f7f085a.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy hem-de atçylygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy

4-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tutuş ýurdumyzy gurşap alan ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy, şeýle hem ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.

1654473ca948b9.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipeleri, birnäçe resminamalaryň taslamalary, käbir beýleki meseleler girizildi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.