Habarlar / Hepdäniň möhüm wakalary
Hepdäniň möhüm wakalary

Parahatçylyk söýüjilik we döredijilik taglymatlaryny durmuşa geçirmegiň ýoly bilen
Geçen hepdede ýurdumyzyň durmuşy dürli wakalara beslendi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ähli özgertmeleri bilen birlikde, bu wakalar hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna, Watanymyzyň dünýädäki abraýynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen aladasyna esaslanýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Wengriýa iş sapary
20-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Budapeştde geçirilýän Ýeňil atletika boýunça dünýä çempionaty, şeýle hem ýurduň Milli baýramy — Keramatly Stefanyň güni mynasybetli guralýan dabaralara gatnaşmak üçin Wengriýa iş sapary bilen ugrady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy
17-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, Aşgabadyň günorta künjeginde ýerleşýän Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň çäklerinde alnyp barylýan işler hem-de paýtagtymyzy ösdürmegiň möhüm ugurlaryna degişli şekil taslamalary bilen tanyşdy.

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysyny kabul etdi
14-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy wezipesine täze bellenen Kaha Imnadzeni kabul etdi.

Durnukly ösýän ykdysadyýet — halkymyzyň abadançylygynyň kepili
Ylmy çemeleşmä, hojalygy netijeli ýöretmäge we meýilnamalaşdyrmaga esaslanýan Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň strategiýasy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Türkmenistanyň, Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleriniň üçtaraplaýyn sammiti
4-nji awgustda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmagynda üçtaraplaýyn sammit geçirildi.

Aşgabatda Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň sammiti geçirilýär
Şu gün, 4-nji awgustda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmagynda üçtaraplaýyn sammit geçirilýär. Munuň özi şeýle görnüşdäki ýokary derejeli ilkinji duşuşykdyr.

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
31-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde ýerine ýetirilýän işleriň barşyna seredildi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
28-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň käbir meselelerine hem-de resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Söwda toplumynyň işini kämilleşdirmegiň baş maksady halkymyzyň isleglerini kanagatlandyrmakdyr
Türkmenistanda söwda ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan durmuş-ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.