Habarlar / Hepdäniň möhüm wakalary
Hepdäniň möhüm wakalary

Türkmenistanyň Prezidentiniň Balkan welaýatyna iş sapary
13-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň günbatar sebitine iş saparyny amala aşyryp, welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi hem-de galla oragynyň depgini bilen tanyşdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
13-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň, Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň haýyşy boýunça Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, täze şäherde we onuň töwereklerinde ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler bilen tanyşdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
12-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ji Kýu-Tegi kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
12-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen bagly meselelere garaldy.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiligine hem-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara
Sizi güneşli tomus paslynyň ilkinji günlerinde giňden bellenilýän Ylymlar güni, şeýle hem «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
1-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň bäş aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna garaldy we döwlet durmuşynyň käbir meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Wengriýanyň Premýer-ministri bilen duşuşygy
8-nji iýunda Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orbanyň Türkmenistana iki günlük resmi sapary başlandy.

2023-nji ýylyň maýy: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistan «Dialog — parahatçylygyň kepili» filosofiýasyna eýerip, Bitaraplyga, parahatçylyk söýüjilige we hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan «Açyk gapylar» syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýär.

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
7-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherini ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi
6-njy iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda önümçilik kuwwatlyklaryny ýola goýmak boýunça iş maslahatyny geçirdi. Oňa ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow we Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow gatnaşdylar.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.