Habarlar / Hepdäniň möhüm wakalary
Hepdäniň möhüm wakalary
164800b0c4e2b0.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistan özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanma bildirýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ykdysady ösüşi we durmuş abadançylygyny üpjün etmäge, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen giň gerimli maksatnamalardyr taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.

1647ebb055dcad.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

5-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda sebitlerde alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

1647d6e98cf321.jpeg
2 ýyl ozal
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň wezipä girişmek dabarasyna gatnaşdy

3-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow türk tarapynyň çakylygy boýunça Rejep Taýyp Ärdoganyň Türkiýe Respublikasynyň gaýtadan saýlanan Prezidenti hökmünde wezipä girişmek dabarasyna gatnaşdy.

1647d6bd71fecb.jpeg
2 ýyl ozal
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy

3-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä welosiped güni mynasybetli geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy. Bu çäre paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň ýaşaýjylarynyň müňlerçesini özünde jemledi.

1647d671f6f67b.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Arkadag şäherine iş sapary

3-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň haýyşy boýunça Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Saparynyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz döwrebap elektrobuslar we elektromobiller bilen tanyşdy.

1647d6519ddc93.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy hem-de döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

164797c9156bb0.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ÝHHG-niň Baş sekretary bilen duşuşdy

1-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary hanym Helga Şmid bilen duşuşdy. Duşuşykda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

16479772feee71.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistanyň Prezidenti ÝHHG-niň Baş sekretaryny kabul etdi

1-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary hanym Helga Şmidi kabul etdi.

16478315da2964.jpeg
2 ýyl ozal
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň bagtyýar çagalaryna hem-de halkyna

Sizi tutuş dünýä bileleşigi bilen bilelikde giňden we dabaraly bellenilýän Çagalary goramagyň halkara güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bagtyýar çagalygyň mekany bolan ýurdumyzda bu halkara baýramçylygyň şanyna geçiriljek dabaralaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gülläp ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýan eziz Watanymyza bolan söýgimizi has-da pugtalandyrjakdygyna berk ynanýaryn.

16476ceb90e0ed.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistan — Eýran: köpasyrlyk dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň ýoly bilen

30-njy maýda irden türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iki günlük iş sapary bilen Eýran Yslam Respublikasyna ugrady.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.