Rubrikalar
Rubrikalar
3 ýyl ozal
IŇ ULY ROBOT

Biz robot tehnologiýalary barada dürli maglumatlary berýäris. Mysal üçin, “Robot Dynamics” robotlarynyň uly ýük ulagyny üstünlikli çekip, ahyrky nokada eltmegi başarandyklaryny biziň gazetimiz şöhlelendiripdi. Bu gezek bolsa robot tehnologiýalary bilen baglanyşykly ajaýyp habar Ginnesiň rekordlar kitabynyň sahypalaryna ýazyldy. Maglumatlara görä, Kanadanyň ýaşaýjysy Jonatan Tippet adam tarapyndan dolandyrylýan iň uly ekzoskeleti döretmegi başarypdyr.

3 ýyl ozal
ÖÝDEÇIMI, DÜZDEÇI?

Ynsanyň medeniýetli ýaşaýyş keşbine girip başlamagy bilen, öz gündelik durmuşynda ýabanylykdan eldekileşdirilen haýwanlaryň hyzmatyndan peýdalanyp başlanyna müňýyllyklar geçipdir. Hatda şu günki gün oba hojalyk mallary hökmünde belli bolan goýunlaryň, geçileriň, sygyrlaryň we beýleki haýwanlaryň hem gadymy ata-babalary ýabany haýwanlar bolupdyr.

3 ýyl ozal
IŇ ULY ÝERASTY GEÇELGELER

Adamzat ömrüniň dowamynda söwda, ykdysady, medeni gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen dürli görnüşlerdäki ýollary, geçelgeleri gurup gelipdir. Tebigatyň döreden mümkinçilikleri bilen ynsan paýhasynyň utgaşykly netijesi bolan ýerasty awtomobil we demir ýol, suw geçelgeleri (tuneller) olaryň iň täsinleriniň biridir.

3 ýyl ozal
IŇ ULY ŞOKOLAD

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Tehas ştatynyň Weýko şäherinde ýerleşýän “Mars Wrigley” kärhanasynda iň uly “Snickers” şokoladyny öndürdiler. Bu barada “Fox 44” ýaýlymy habar berýär.

3 ýyl ozal
AKWARIUMDA ÝAŞAÝAN BALYJAKLAR

Akwariumda balyjaklar saklamak, olary suwdaky hereketlerine, oýunlaryna tomaşa etmek arklyňy durlaýjy, gözellige bolan teşneligiňi gandyryjy täsir edýär. Akwariuma goýbermek üçin balyjaklar saýlanyp alnanda, esasan, az aladany talap edýän görnüşleri saýlanyp alynýar.

3 ýyl ozal
SUNGAT BÄSLEŞIGI

Beýik Britaniýanyň paýtagty Londonda ajaýyp köçe suratlarynyň bäsleşigi hereket edýär. “Joe and Max” ady bilen belli bolan suratkeşler ajaýyp sungatlary bilen meşhurlyk gazandylar. Suratkeşleriň döredijiliginiň esasy bölegi Londonyň köçele-rinde jemlenendir. Olaryň köçelerde çeken 3D suratlary şähere gelýän jahankeşdeleriň sanyny artdyrýar, täze ýadygärlikleriň döremegine getirýär.

3 ýyl ozal
KARBAMID ÖNDÜRIJI ÝURTLAR

Dünýäde ekilýän ýerler üçin emeli dökünleri öndürmek senagatyň iň öňdebaryjy pudaklarynyň biridir. Häzirki wagtda karbamid öndürmek babatda iň öňde barýan ýurtlar Hytaý, Hindistan we ABŞ hasap edilýär.

3 ýyl ozal
IŇ IRI DÄNELI KOFE

Kofe içgisiz şu günki gün dünýäniň islendik yklymlarynda giňden ýaýrandyr. Kofe görnüşleriniň arasynda «maragodžip» sorty dänesiniň beýleki adaty kofe görnüşleriniňkiden 3,5 esse irilik bilen tapawutlanýar. Bu kofe görnüşi deňiz derejesinden 600-700 metr beýik ýerlerde ösdürilip ýetişdirilýär. Bu kofe dänelerinden taýýarlanýan içgi özüniň ýumşak tagamy we ýakymly ysy bilen tapawutlanýar.

3 ýyl ozal
OBASENAGAT TOPLUMYNDAKY ÖSÜŞLERIMIZ

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda, ýurdumyzda ähli ulgamlar bilen birlikde, obasenagat toplumy hem uly ösüşleri başdan geçirýär. Ýakynda geçen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisinde bellenip geçilişi ýaly, geçen 2021-nji ýylda, 2020-nji ýyldaky bilen deňeşdirilende, ýurdumyzda öndürilen gök önümleriň möçberi 5 , miwe we ir-iýmişleriň möçberi 2,6 , ýeralmanyň möçberi 9,2 , diri aramdaky etiň öndürilişi we süýdüň möçberi 0,9 göterim artdy.

3 ýyl ozal
ÝURDUMYZYŇ ENERGETIKA BAÝLYKLARY

Ýurdumyz uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýedir. Mähriban Arkadagymyzyň ynsanperwer syýasaty, Energetika diplomatiýasy esasynda bu baýlyklarymyz dünýäniň ýurtlarynyň, halklarynyň ojaklaryny ýylatmagy üçin bazar bahasyndan diwersifikasiýa ýoly bilen eksport edilýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.