Rubrikalar
Rubrikalar
3 ýyl ozal
Iň duýgur jandar

     Häzirki zaman seýsmologiýa ylmy, şol sanda seýsmologiýa gullugy ösüşiň ýokary basgançaklaryna çykdy. Ýöne bu ýagdaý tebigatyň wekilleri bolan janly-jandarlaryň ýer titremesini öňünden duýmak babatda jogapkärçiligini asla peseltmedi. Häli-häzirki döwürde geçirilýän gözegçilikler olaryň birnäçe görnüşiniň ýer titremesini öňünden duýup, howply ýerden arasyny açýandygyny görkezýär.

3 ýyl ozal
Ak gijeli şäherler

Umumy öýümiz bolan Ýer togalagynyň dürli guşaklary köpdürli täsinliklere baýdyr. Muňa dünýäniň dürli ýurtlarynda ýylyň belli döwürlerinde bolýan süýt ýaly ak gijeler hem aýdyň mysaldyr.

3 ýyl ozal
Iň ýumşak agaçlar

  Iri gurluşykda, meselem jaýgurluşyk işlerinde, dürli mebeller ýasalanda, elbetde, iň gaty agaçlary ulanmak ýörgünlidir. Ýöne dürli sowgatlyklary, gap-gaçlary ýasamaly bolanynda welin, ýumşak agaçlar ilkinji orundadyr.

3 ýyl ozal
IŇ ULY EMELI TOKAÝLAR

Emeli tokaý näme? Ol tebigy tokaýlardan tapawutlylykda, adamlaryň öz elleri bilen ekip, ýetişdirip idedýän uly ýa-da gyrymsy agaçlar toparydyr. Ol dürli maksatlar, howanyň düzümini arassalamak, gözellik döretmek, çölüň süýşmegini saklamak ýaly sebäpler bilen döredilýär.

3 ýyl ozal
Kapasada saýraýan guşlar

  Guşçulygy et, süýt önümçilligi üçin eldekileşdirmek bilen birlikde olaryň saýrak dillerine guwanmak we gözellik üçin otagda ýörite kapasada saklamak üçin eldekileşdirmek hem ir döwürlerden başlanypdyr. Gadymyýetde bu guşlar şalaryň, gurgun ýaşaýan adamlaryň öýleriniň bezegi we soňlanmajak aýdymy bolupdyr.

3 ýyl ozal
Kim näçe bugdaý ekýär?

  Bugdaýdan taýýarlanan çörek we çörek önümleri ynsan üçin ilkinji zerurlyk hasap edilýär. Maglumatlar bilen gyzyklanyp göreniňde, häzirki döwürde dünýä ýurtlarynyň 100-sinde bugdaýyň ekilýändigini görmek bolýar.

3 ýyl ozal
Iň uzyn asma ýollar

  Dünýä tejribesinde barmasy, geçmesi kyn daglyk zolaklara çykmak üçin alpinistler diýen hünär döräpdir. Bu hünär bilen meşgullanmaýan adamlar üçin bolsa asma ýollar iň oňaýly ulag serişdesi bolup hyzmat edýär.

3 ýyl ozal
Haýwanlaryň ukyplary

Haýwanlaryň birnäçe görnüşlerinde adamda bolmadyk aýratyn duýgurlyk ukyplary jemlenendir. Meselem, itlerde güýçli ys alyş, pişiklerde tüm gijäniň tününde hem daş-töweregi gündizlikdäki ýaly görmek ukyplary bardyr. Käbir haýwanlar adamyň asla duýup bilmejek ýagdaýlary bolan Ýeriň magnit meýdanynyň ultramelewşe şöhlelerini hem duýup bilýändikleri täsindir.

3 ýyl ozal
ARZYLY KÖKELER

Ginnesiň rekordlar kitabynda meşhur aýdymçylaryň, artistleriň yzygiderli orun alýandygyny hemmämiz bilýändiris. Şeýle-de bu kitapda dürli harytlara, galyberse-de, azyk önümlerine hem duş gelmek bolýar. Dünýäniň meşhur “Oreo” kökeleri hem bu kitapda arzyly orun eýelemegi başardylar. Bu kökäni bir wagtda 32 döwletden 5066 adam süýde batyryp iýdi.

3 ýyl ozal
BURAWLAMAGYŇ TARYHYNDAN

Nebiti we ugurdaş gazy burawlap almagyň oýlanyp tapylmagy we ornaşdyrylmagy ykdysadyýetde, senagatda uly öwrülişik eden waka bolupdyr. Taryhy maglumatlar bu ugurda ilkinji buraw işleriniň Russiýa patyşalygy tarapyndan 1846-njy ýylda Azerbaýjanyň Baku şäheriniň golaýyndaky Bibi-Eýbat şäherçesinde geçirilendigini habar berýärler. Bu ilkinji burawlanan nebit guýusynyň çuňlugy 21 metre barabar bolupdyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.