Rubrikalar
Rubrikalar
1 ýyl ozal
Goýberiliş №40 (03.10.2020 ý.)

3 ýyl ozal
IŇ KIÇI PIŞIK

Pişikler — dünýäniň iň naşyja, giňden ýaýran jandarlarynyň biri bolmak bilen, olar gözelliginiň, mähirli hereketleriniň esasynda adamlaryň göwünlerini awlap, tiz dostlaşmagy başarýarlar. Häzirki wagtda pişikleriň birnäçe görnüşleri belli bolup, olar göwrümleri, adaty bolmadyk sesleri ýa-da tüýleriniň reňki, tebigy ýaşaýan ýerleri boýunça toparlara bölünýärler.

3 ýyl ozal
IŇ ÝYNDAM WELOSIPED

Ählimiziň çagalygymyzyň bir bölegi bolan welosipedler ajaýyp ýatlamalarymyzyň arasynda wajyp orun eýeleýän bolsa gerek?! Şeýle welosipedleriň önümçiligi bilen meşgullanýan Ukrainanyň “Delfast” şereketine ajaýyp netije gazanmak başartdy.

3 ýyl ozal
Peýdaly maslahatlar

Ýatkeşligimiziň gowy bolmagy okuwymyzda we işimizde üstünlik gazanmagymyza ýardam edýär. Ýatkeşligi gowulandyrmak üçin lukmanlar we beýleki hünärmenler dürli maslahatlary berýärler. Olaryň arasynda iýmitlenmek endigimiziň, beden hereketlerimiziň has köp täsiriniň bardygy aýdylýar. 

3 ýyl ozal
GEŇ PYŞDYLLAR

Alymlaryň bellemegine görä häzirki wagtda ýer ýüzündäki ýaşaýan jandarlaryň görnüşleriniň sany 9 milliona ýetip biler. Olaryň arasynda daşky keşbi, häsiýeti boýunça göreni haýrana goýýan wekillerine hem duş gelinýär. Mysal üçin, ýumşak tenli Kantoryň pyşbagasy hem adatdan daşary keşbi bilen meşhurlyk gazanandyr.

3 ýyl ozal
IŇ DOWAMLY BÖKÜŞ

Ginnesiň rekordlar kitabynda sport bilen meşgullanýan adamlaryň netijeleri yzygiderli duş gelýär. Olara bagyşlanan bölümlerde kitabyň gahrymanlarynyň ýeten sepgitleri, görkezijileri uly orun eýeleýär. Şeýle hem sportyň özüneçekiji görnüşi hökmünde paraşýutly bökmek aýratyn tapawutlanýar.

3 ýyl ozal
IŇ ULY ROBOT

Biz gazetimizde robot tehnologiýalary barada dürli maglumatlary berýäris. Mysal üçin, “Robot Dynamics” robotlarynyň uly ýük ulagyny üstünlikli çekip, ahyrky nokada eltmegi başarandyklaryny biziň gazetimiz şöhlelendiripdi. Bu gezek bolsa robot tehnologiýalary bilen baglanyşykly ajaýyp habar Ginnesiň rekordlar kitabynyň sahypalaryna ýazyldy.

3 ýyl ozal
Täsin ymaratlar

Ynsan eliniň we paýhasynyň güýji bilen döredilýän gözellikler, oňaýlyklar özleriniň dürli babatlarda aýratynlyklary, artykmaçlyklary bilen haýrana goýýar. Iň ilkinji zerurlyk bolan ýaşaýyş jaýlary barada aýdanyňda hem olar beýikligi, köp meýdany eýeleýänligi, köp gatlylygy, uzynlygy, köp öýlüligi ýaly taraplardan tapawutlanýarlar.

3 ýyl ozal
Peýdaly maslahatlar

Köpçülikde el telefonda gepleşilende adamlary oňaýsyz ýagdaýa goýmazlygyň, birahat etmezligiň hem düzgünleriniň bardygyndan habarlysyňyz. Degişli hünärmenler bu ugurda birnäçe maslahatlary hödürleýärler.

3 ýyl ozal
Ýüpekçiligiň taryhyndan

Ýüpekçiligiň gadymdan bäri köp ýurtlarda ösendigi bellidir. Ýüpekçilik bilen meşgullanýan ýurtlaryň arasynda Hytaý Halk Respublikasy bilen Hindistan Respublikasy öňdebaryjy orunlary eýeleýärler. Iki ýurt bilelikde bütin dünýäde öndürilýän ýüpegiň 60 göterimini öndürýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.