Habarlar
Habarlar
SEBITDE IRI ULAG-LOGISTIKA
Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda, gadymy Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi bolan Türkmenistan ýurdumyz sebitde iri ulag-logistika merkezine öwrülýär. Şu günki ajaýyp döwrümizde uzak geçmişde düýeli kerwenleriň geçen ugurlary boýunça häzirki döwrüň ýokary talaplaryna laýyk gelýän awtomobil, demir ýol, howa, deňiz-derýa ulaglarynyň gatnawlary üçin ýokary hilli ýollar gurulýar.
Gruziýa howa gatnawlaryny giňeldýär
Gruziýanyň milli howa ýollar kompaniýasy “Georgian Airways” Aziýa we Ýewropa ýurtlaryna ýükleri daşamagy amala aşyrjak kömekçi gurluşy — “Georgia Airways Cargo”-ny döretdi. Bu barada Trend habarlar agentligi Georgia Online saýtyna salgylanmak bilen habar berýär.
BEDEWLERIŇ TARYHY KEŞBI
Gadymy döwürlerden bäri türkmenler ahalteke atlaryny özlerine abraý we buýsanç saýyp, ony ömür ýoldaşy hasaplapdyrlar. Taryhy ylymlaryň we hünärmenleriň kesgitlemesine görä, ahalteke tohum atlary öz gözbaşyny gadymy ata-babalarymyzyň döwründen alyp gaýdýarlar.
«INTERNET KAFE» HYZMATLARY
Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda ykdysadyýetimizi sanlylaşdyrmak ýurdumyzyň möhüm ugry hökmünde kesgitlenildi. Aragatnaşyk-telekommunikasiýa ulgamyna has kämil tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy esasynda maglumat ummanyna aralaşmak durmuş-ykdysady şertleriniň has oňaýly we elýeterli bolmagyny üpjün edýär.
Domodedowo gümrükhanasy we howa menzili sanlylaşdyrylýar
Domodedowo gümrükhanasy Moskwanyň Domodedowo howa menzilinde kabul edilýän maglumatlary kabul etmegiň we işlemekligiň ýeke-täk ulgamyny taýýarlady. Howa menzili bu tehniki meýilnamany ýerine ýetirmeklik üçin ähli zerur serişdeleri üpjün etdi.
«SAGLYK» SYÝASATY DABARALANÝAR
Ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň täze saglyk enjamlary bilen yzygiderli baýlaşdyrylyp durulmagy bolsa, bu ugurdaky alnyp barylýan işleriň kämilleşmegine ýardam berýär.
ÜNS BERIŇ, BÄSLEŞIK
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilen «Türkmeniň ýüpek ýoly» gazetiniň redaksiýasy mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli hem-de «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ulag we kommunikasiýa pudagynyň işgärleriniň makalalaryny, hekaýalaryny, we goşgularyny çap etmegi nazarda tutup, .
«Azerbaýjan demir ýollary» Gruziýa we Türkiýe bilen bilelikde täze logistik ugurlary işläp düzdi
«Azerbaýjan demir ýollary» kompaniýasy Gruziýadaky we Türkiýe döwletindäki işewürleri bilen bilelikde täze logistik ugry işläp düzdi. Bu taslama dogrusynda TREND habarlar gullugy kompaniýanyň ýolbaşçysy Balahan Nazarowyň beren maglumatlaryny ýetirýär.
SAGLYGYŇYZ ÖZ ELIŇIZDE
Arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek, sport we bedenterbiýe bilen yzygiderli meşgullanmak, sagdyn iýmitlenmek, immunitetiň ýokarlanmagyna, bedeniň kesellere garşy göreşijiligine oňyn täsir edýär. Kesellerden goranmak üçin birnäçe düzgünleri berjaý etmek zerurdyr.
HYZMATLAR GÖWNEJAÝ BOLANDA
Poçta aragatnaşygy öz taryhyny has uzak ýyllardan alyp gaýdýanlygy sebäpli häzirki wagtda dünýäniň dürli döwletlerinde poçta muzeýleriniň ýüzlerçesi hereket edýär. Ol ýerde bu ulgama degişli dürli ýyllarda ýazylan hatlar, ulanylan enjamlar saklanylýar. Bu muzeýler dürli halklaryň hat-ýazuwlaryny öwrenijiler üçin-de, taryhy öwrenijiler üçin-de diýseň gymmatly maglumat çeşmelerini özünde saklaýarlar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.