Habarlar
Habarlar
DÖWLETIMIZIŇ ÝAŞLAR SYÝASATY
Halkymyzyň arzuwdyr isleglerinden ugur alnyp yglan edilen hem-de «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylan üstümizdäki ýylyň baş maksady ýurdumyzyň ykdysady, syýasy, medeni durmuşyna ýaşlaryň doly derejede gatnaşmagy üçin giň mümkinçilikleri döretmekden, ýaş nesilleri watançylyk, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemekden, olaryň jemgyýetçilik-syýasy işjeňligini, şahsy başlangyçlaryny goldamakdan we höweslendirmekden ybaratdyr.
SANLY TEHNOLOGIÝALARY BILIM ULGAMYNDA
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň bilim ulgamy täze ösüşlere eýe bolýar. Ulgamyň işini döwrebap derejede guramak, oňa innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, bu babatda milli aýratynlyklary göz öňünde tutmak bilen, dünýä tejribesinden ugur almak, sanly bilim ulgamyna geçmek boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar.
BILIM ULGAMYNDAKY ÖZGERTMELER
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Türkmenistanda döwrebap orta we ýokary okuw mekdepleri, çagalar baglary, sagaldyş-dynç alyş merkezleri gurulýar hem-de hereket edýär. Bilim edaralaryny zerur okuw kitaplary, gollanmalar bilen üpjün etmek, täze tehnologiýalary we halkara ölçeglere gabat gelýän öňdebaryjy okuw-tehniki enjamlary ornaşdyrmak boýunça ägirt uly işler durmuşa geçirilýär.
Döwrebap bilim bermek baş maksadymyz
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ata Watanymyz ykdysady taýdan barha ösýär we halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlandyrylýar, ykdysadyýetimizde, jemgyýetçilik durmuşymyzda ajaýyp üstünlikler gazanylýar.
ulag we kommunikasiýa toplumynda baýramçylyk dabara
“Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllygynyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly täze eseriniň elimize gelip gowuşmagy ähli halkymyza uly baýramçylyk sowgady boldy.
ÝOLLARYMYZ ASUDA, ILLERIMIZ PARAHAT
Däp bolşy ýaly, her ýylyň 1-30-njy sentýabry aralygynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň dowamynda geçirilýän çäreler ýurdumyzda ýol hereketiniň berjaý edilmegi netijesinde ilatyň saglygyny, ýurt abadançylygyny goramaga gönükdirilendir.
SANLY YKDYSADYÝET — ARAGATNAŞYK ULGAMYNYŇ ÖSÜŞ UGRY
Tehnologik ulgamyň dünýä ýüzünde kosmik tizlik bilen ösýän döwründe ýurdumyzda durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmek boýunça strategik ähmiýetli wajyp wezipeler kesgitlenýär. Şunuň ýaly esasy wezipeleriň hatarynda hem Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň ähli ulgamlaryny sanly ykdysadyýete geçirmek bilen baglanyşykly öňde goýan wezipelerini iş ýüzünde üstünlikli amala aşyrmak maksady bilen, «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» hereket edýär.
BAGTYÝAR ÝURDUň BILIMLI NESLI
«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda badalga alan täze 2020 — 2021-nji okuw ýylynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde zehinli ýaşlaryň ýüzlerçesine talyp bolmak bagty miýesser etdi.
SANLY BILIM ULGAMY — ösüşlere tarap ädim
Bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzyň ähli pudaklarynda sanly ulgama geçmek işleri üstünlikli alnyp barylýar. Ylmyň iň soňky gazananlary hem-de okatmagyň innowasion usulyýeti bilim ulgamyna giňden ornaşdyrylýar.
Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli gutlag
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.