Habarlar
Habarlar
demir ýol ulgamynda Innowasion çözgüt
«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan» gelip çykýan wezipelere laýyklykda, ulag we kommunikasiýa toplumynyň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, maglumat-aragatnaşyk serişdelerini kämilleşdirmek, ykdysadyýetimiziň dürli pudaklaryna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak esasy wezipeleriň biridir.
Dünýä ykdysadyýetine uly täsirini ýetirýän dykyn
23-nji martda Sues kanalynda bolan güýçli ýel zerarly «Ever Given» konteýner daşaýjy ýük gämisiniň dykylyp galmagy bilen uly dykyn emele geldi. Maglumat berlişine görä, şol wagt gäminiň bortunda müsürli uçarmanlar we gäminiň 25 adamdan ybarat bolan ekipažy bardy. Häzir dykyn sebäpli 150-ä golaý tanker we beýleki ulaglar saklanyp durlar.
«AKYLLY ŞÄHER» — DÖWREBAPLYGYŇ NUSGASY
Ýurdumyzyň ähli künjekleriniň tapgyrlaýyn döwrebaplaşdyrylmagyny häzirki gurulýan binalardyr desgalar, ýaşaýyş jaýlary has aýdyň şöhlelendirýär. Hormatly Prezidentimiziň ýörelgelerinden ugur alnyp, paýtagtymyzda, şeýle-de welaýat merkezlerinde we etraplarda häzirki zaman aýratynlyklary bilen tapawutlanýan binalary, ýaşaýyş jaýlaryny gurmak, olarda döwrebap telekommunikasiýa enjamlary ornaşdyrmak boýunça giň gerimli taslamalar durmuşa geçirilýär.
Russiýanyň Ulaglar ministrligi sürüjisiz awtoulaglary synagdan geçirjekdigini mälim etdi
Russiýa Federasiýasynyň Wise-premýeriniň birinji orunbasary Andreý Belousow Russiýanyň Ulaglar ministrligi tarapyndan işlenip düzülen toplumy tassyklady. Synag we tapgyrlaýyn işe girizmek çäreleri köpçülikleýin ýollarda ýokary awtomatlaşdyrylan awtoulaglaryň sürüjisiz ýola goýulmagy bilen baglanyşykly bolup durýar. Şeýle resminamany taýýarlamak barada buýruk Russiýanyň Prezidenti tarapyndan berildi.
Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunda awtoulag hyzmaty artar
Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşyk işleriniň ýokary depginde dowam etdirilýändigi hem-de Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna gabatlanyp, bu awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen böleginiň ulanylmaga berilmeginiň meýilleşdirilýändigi habar berildi.
«RŽD-niň» täze programma üpjünçilik meýilleri
«Rus demir ýollary» (RŽD) paýdarlar jemgyýeti kompaniýanyň hünärmenleriň tehnologiki proseslerini sanlylaşdyrmagy we döretmegi üpjün edýän ykjam iş stansiýalarynyň aragatnaşyk torlarynyň işi üçin içerki programma üpjünçiligini giňeldýär.
Ýurdumyzda 8-9-njy aprelde Maýa goýum forumy geçiriler
Hormatly Prezidentimiziň düýn geçien sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Wise-premýer B.Öwezow ýurdumyzyň önüm öndürijileri we telekeçileri bilen bilelikde maýa goýum forumyny geçirmek boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Zabaýkalsk menzili arkaly Russiýa bilen Hytaýyň arasyndaky daşary-söwda ýük daşamalary 15%-e golaý artdy
Zabaýkalsk stansiýasy arkaly Russiýa bilen Hytaýyň arasyndaky daşary-söwda gatnawynyň mukdary 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 2021-nji ýylyň fewralynda, takmynan, 15% ýokarlandy. Hasap boýunça 1,4 million tonnadan gowrak ýük daşalyp, olaryň 90 %-i eksport edildi.
STAMBUL—TÜRKMENBAŞY: ÝÜK GATNAWLARYNYŇ TÄZE TAPGYRY
Ýük gatnawlarynyň soňky wagtlarda has işjeňleşmegi bilen olaryň ugurlarynyň sany hem barha artýar. Deňiz arkaly ýük gatnawlarynyň amala aşyrylmagynda ýurdumyzyň mümkinçilikleriniň Ýewropa ugurlarynda açylmagy hem mynasyp orny eýeleýär.
Moskwanyň täze menziline ilkinji otlular geler
Moskwanyň täze demir ýol menzilinden «Çerkizowo» menziline duralgaly uzak aralyk gatnawynyň petekleriniň satuwy açyldy. 29-njy maýda demirgazyk-günbatardan Moskwanyň üstünden geçýän otlular Russiýanyň sebitlerine, şeýle hem Moskwadan Nižniý Nowgoroda we Iwanowo geler hem-de «Wostoçnyý» wokzal toplumynyň Çerkizowo stansiýasyna baryp ýeter.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.