Habarlar
Habarlar
«Türkmenistan» awiakompaniýasy fewral aýynda içerki gatnawlaryň tertibini hödürledi
«Türkmenistan» awiakompaniýasy resmi web saýtynda, 2022-nji ýylyň 2-nji fewralyndan güýje girýän Türkmenistanyň çägindäki dürli ugurlara uçuşlaryň täze tertibini ýerleşdirdi.
Fiziki şahslar, döwlet hem-de hususy kärhanalar üçin awtobuslary onlaýn görnüşde kärendä almak hyzmaty ýola goýuldy
“Türkmenawtoulaglary” agentliginiň Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy fiziki şahslara, şeýle-de hususy kärhanalara we döwlet edaralaryna awtobuslary onlaýn görnüşde kärendesine almak hyzmatyny hödürleýär.
TUTUMLARY ULY, ÝOLLARY AMAN, DÜNÝÄ NURUNY SAÇÝAR BAGTYÝAR ZAMAN
Hormatly Prezidentimiziň ata Watanymyzy berk binýatly, kuwwatly döwlete öwürmek, merdana halkymyzy bolelin durmuşda ýaşatmak ugrunda alyp barýan syýasaty «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hem rowaçlyklara beslenýär. Her bir işde halkyň bähbidini ähli zatdan öňde goýýan hormatly Prezidentimiziň öňden görüjiligi bilen ýurduň ykdysady syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Посольство России объявило дату ближайшего вывозного рейса из Туркменистана
11 февраля 2022 года будет организован очередной вывозной рейс авиакомпании «Сибирь» по маршруту Туркменабат–Москва. Соответствующее объявление размещено на Telegram-канале Консульского отдела Посольства России в Туркменистане.
8-bitly baýt bilen ýylyň 256-njy gününi näme baglanyşdyrýar?
Programmistler güni – bu ýylyň 256-njy güni bellenilýän baýramçylyk. 8-bit baýtyň üsti bilen jemi 256 sany dürli manyny aňladyp bolýandygy sebäpli bu san baýramçylyk güni üçin saýlanyldy. Şeýle-de ol 2-lik sanynyň iň ýokary bitewilik derejesi bolup, ol bir ýylyň dowamyndaky günleriň sanyndan köp däl (365 ýa-da 366).
“Duralga” ykjam goşundysy – ýolagçylaryň sanly komekçisi
“Türkmenawtoulaglary” agentligi Aşgabat ýolagçy awtoulag kärhanasy bilen bilelikde Aşgabadyň ýaşaýjylaryna paýtagtyň jemgyýetçilik ulaglarynyň hereketi we ähli awtobus duralgalarynyň ýerleşýän ýeri barada maglumat almak üçin döredilen täze “Duralga” ykjam goşundysyny hödürleýär. Ykjam goşundy häzirki wagtda Android operasion ulgamyna ýükläp almak üçin elýeterdir.
Paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna «Onlaýn taksi» sargyt hyzmaty işe girizildi
Aşgabatda taksi sargyt etmegiň täze hyzmaty bolan «Onlaýn taksi» ykjam goşundysy işe girizildi. Bu hyzmaty «Awtomobil ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti ýola goýdy.
Täze halkara üstünlikler we giň gerimli maksatlar
Dünýä derejesindäki bilim, ylym we innowasiýa ösüşlerini kämilleşdirýän hem-de telekommunikasiýa we informatika pudagynda mümkin bolan hyzmatlarynyň täze ugurlaryny durmuşa ornaşdyrýan Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty ýurdumyzyň abraýly bilim ojaklarynyň hatarynda ýaş tehnologiýa hünärmenlerini taýýarlaýar.
Türkmenistanda awtoulaglaryň tehniki ýagdaýynyň anyklaýyş we hasaba alyş toparynyň edara binalary ulanylmaga berildi
Türkmenistanda Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanyň içeri işler edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady berkidilip, Ahal welaýatynyň Gökdepe, Bäherden, Tejen, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç, Lebap welaýatynyň Kerki, Mary welaýatynyň Baýramaly etraplarynyň we Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň polisiýa bölümleriniň ýanynda Awtoulaglaryň tehniki ýagdaýynyň anyklaýyş we hasaba alyş toparynyň edara binalary ulanmaga berildi.
Ýurdumyzda awtobus ugurlarynyň açylmagynyň, üýtgedilmeginiň we ýapylmagynyň tertibi barada karar kabul edildi
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 28-nji ýanwarda sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynyň dowamynda Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew döwlet Baştutanyň tabşyrygyna laýyklykda, awtobus ugurlarynyň açylmagynyň, üýtgedilmeginiň, ýapylmagynyň Tertibini tassyklamak hakyndaky Kararyň taslamasy barada hasabat berdi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.