Habarlar
Habarlar
Medeniýet ulgamy we gender deňligini üpjün etmegiň milli-ruhy esaslary
Gender deňligi syýasaty häzirki döwürde halkara guramalarynyň üns merkezindäki wezipe bolmak bilen, bu syýasat ýurtlaryň kanunçylygynda hem-de halkara gatnaşyklary ulgamynda öz beýanyny tapýar. Şol sanda biziň ýurdumyzyň hem kanunçylygynda, şeýle-de halkara ähmiýetli resminamalara gatnaşygynda mynasyp teswirlenilýär.
Mukaddeslige eýlenen ebedi ýörelge
Mukaddeslik hakynda söz açylanda, eziz Arkadagymyzyň “Enä tagzym – mukaddeslige tagzym” atly ajaýyp eseriniň many bossany kalbyňa dolýar. Ajaýyp eseriň ilkinji senaly setirleri “Sözden başlanýan ägirtlik” diýen ajaýyp jümlelerden başlanýar. Ägirtlik “ene” diýlen jümlede jemlenilen. Eziz Arkadagymyzyň pähim-parasatly we öňdengörüjilikli durmuş syýasatynyň amala aşyrylmagynyň netijesinde, ýurdumyzda eneleriň arzuwy hasyl bolýar.
TÜRKMEN HALKYNYŇ GADYMYLYGYNYŇ HEM-DE EBEDILIGINIŇ NYŞANY
Milli buýsanjymyz bolan türkmen bedewleri gadymy hem-de müdimi milletimiziň erkanalygynyň we erkliliginiň ölçegidir. Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň çüwen bagtynyň owadan nyşany, toýlarymyzyň, milli baýramlarymyzyň, şanly senelerimiziň bezegi bolup, bu günki gün dal bedewlerimiziň at-owazasy Äleme ýaň salýar.
Bilim ulgamynyň innowasion ösüşi
Hormatly Prezidentimiziň parasatly döwlet syýasatynyň netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ylmy we bilimi düýpli ösdürmek, onuň gazananlaryny milli ykdysadyýetde netijeli ulanmak, halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli ösdürmek ýaly möhüm işler esasy ileri tutulýan ugurlaryň hataryna çykaryldy. Bilim ulgamyndaky öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bu ugurda oňyn netijeleriň gazanylmagyny şertlendirdi.
Türkmenistan ulag diplomatiýasynyň hem-de üstaşyr polat ýollarynyň kuwwatyny artdyrýar
Geçen hepdede hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň möhüm ähmiýetli halkara forumlarda eden çykyşlary Türkmenistanyň ulag diplomatiýasynyň kuwwatynyň barha artýandygynyň nobatdaky aýdyň subutnamasyna öwrüldi.
Ýurdumyzyň demir ýollarynyň durky täzelenýär
Häzirki wagtda «Türkmendemirýollary» agentligi tarapyndan Bamy — Bereket demir ýolunyň relslerini düýpli abatlamak işleri alnyp barylýar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» internet saýty habar berýär.
BAGTA UZAÝAN AK ÝOLLARDA TÜRKMENISTAN
Rowaçlyklara beslenýän bagtyýar zamanamyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ulag ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady barha pugtalandyrylýar, ata Watanymyzdan dünýä uzaýan ýollaryň ýalkymy jahana nur saçýar. Adamzat durmuşynda möhüm orun eýeleýän ýollar alyslary ýakynlaşdyrýar, halklary birek-birek bilen dostlaşdyrýar we mähirli gatnaşyklara giň ýol açýar.
Internet ummany türkmen dili bilen baýlaşdyrylýar
Internet ulgamy Bütindünýä tehniki infrastrukturasynyň maglumatlaryny saklaýan we arabaglanyşyk gurnamak üçin halkara birleşdiriji tor hökmünde ýaşaýyş-durmuş ugurlaryna berk we üstünlikli ornaşdy.
Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň birinji tapgyrynyň gurluşygy ýakyn günlerde tamamlanar
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 11-nji ýanwarynda çykaran Kararyna laýyklykda şol ýylyň 24-nji ýanwarynda gurluşygynda badalga berlen Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň 1-nji tapgyry, ýagny Aşgabat — Tejen aralygynyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.
BERKARAR DÖWLETIŇ BILIM ÖZGERTMELERI
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda yglan edilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen jemgyýetinde ylym, bilim, hünär, terbiýe meselelerine bolan talaplar täze mazmuna eýe boldy. Bu talaplar bilim ulgamyny dolandyrmagyň, onuň jemgyýete peýdaly bolmagynyň we durmuşa hyzmat etmeginiň talabalaýyk ýola goýulmagy bilen baglanyşykly täze wezipeleriň ýüze çykýandygy bilen şertlenendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.