Habarlar
Habarlar
II HYF: Türkmenistan – hazarýaka ýurtlarynda ulag babatda päsgelçilikleriň aradan aýrylmagy ugrunda
Şeýle beýanat bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysadyýet meseleleri boýunça orunbasary Hojamyrat Geldimyradow Moskwanyň “Skolkowo” merkezinde guralan Hazar ykdysady forumynyň umumy mejlisinde çykyş etdi diýip, TASS rus agentligi habar berýär.
Türkmenistan hazar ýurtlarynyň ýeke-täk “harytlary geçiriş ulgamyny” döretmegi teklip edýär
Türkmenistan Hazar sebitiniň ýurtlarynyň ýeke-täk “harytlary geçiriş ulgamyny” döretmegi teklip edýär. Bu barada penşenbe güni wise-premýer Hojamyrat Geldimyradow Moskwada geçirilen ikinji Hazar ykdysady forumynyň umumy mejlisinde aýtdy.
Aşgabat — Minsk aralygyna uçar petekleriniň bahasy mälim edildi
«Türkmenistan» awiakompaniýasy 15-nji oktýabrdan Aşgabat — Minsk aralygyna göni uçuşlary gaýtadan dikelder.
S7 Airlines awiakompaniýasy Türkmenistanda ähli uçuşlary üçin petek satuwlaryny ýola goýdy
S7 Airlines awiakompaniýasy Moskwadan Türkmenbaşy we yzyna göni uçuşlar üçin howa petekleriniň satuwyny ýola goýdy. Yzygiderli uçuşlar 17-nji oktýabrda başlar we hepdede bir gezek — duşenbe güni amala aşyrylar.
Eýranyň Türkmenistana eksportynyň möçberi 40% artdy
Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistana eksportynyň möçberi Eýran senenamasy boýunça şu ýylyň 21-nji martynda başlap, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 40% artdy. Bu barada Eýranyň Söwda ösüşi guramasynyň başlygy Alireza Peýmanpak sişenbe güni Eýranyň birinji wise-prezidenti Muhammet Mohberiň Moskwada geçirilýän ikinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmagy barada teswir berende aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa – Russiýa» Sammitine gatnaşdy
14-nji oktýabrda ikinji ýarymynda Gazagystan Respublikasynyň paýtagtynda «Merkezi Aziýa – Russiýa» Sammitiniň mejlisi geçirildi. Onuň gün tertibine altytaraplaýyn görnüşde dostlukly gatnaşyklary we strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň geljegi bilen bagly meseleler girizildi.
TÜRKMEN – ÖZBEK DOSTLUGYNYŇ TÄZE DEREJESI
Sebitiň döwletleri bilen hyzmatdaşlyk etmek, özara düşünişmek we ynanyşmak Merkezi Aziýada parahatçylygy hem-de howpsuzlygy gorap saklamagyň we pugtalandyrmagyň esasy şerti bolup durýar. Türkmenistanyň sebit strategiýasynyň mazmuny giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek we möhüm ösüş meselelerini çözmek üçin, Merkezi Aziýada amatly geosyýasy hem-de ykdysady şertleri döretmäge doly ýardam bermekden ybaratdyr.
Türkmenistanda ýol yşyklary hem-de LED ýol belgileri öndürilip başlanar
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow 30-njy sentýabrda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzda ýol hereketini sazlaýjy dürli görnüşli yşyklandyryjylaryň we LED ýol belgileriniň öndürilmeginiň wajypdygyny belledi. Bu barada TDH-niň resmi saýtynda habar berilýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy
14-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Astana şäheriniň Kongres merkezinde Garaşsyz Döwletleriniň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy.
"Türkmen Radio"-da türkmen dilindäki aýdymlar elýeterli edildi
iOS we Android ulgamlary üçin niýetlenen "Türkmen Radio" mobil goşundysyna diňe türkmen dilindäki aýdymlary diňlemek mümkinçiligi hem goşuldy. Indi bu bölüm arkaly meşhur ýerine ýetirijileriň birnäçesiniň aýdymlaryny diňläp bilersiňiz.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.