Habarlar
Habarlar
Paýtagtymyzda baýramçylyk mynasybetli täze binalaryň açylyş dabarasy boldy
28-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň günbatar künjeginde täze, döwrebap ýaşaýyş jaý toplumynyň, umumybilim berýän mekdebiň, çagalar bagynyň, söwda-dynç alyş merkeziniň we beýleki desgalaryň açylyş dabarasy boldy.
«Türkmenistan» aiwakompaniýasy BAE-niň paýtagtyna göni uçar gatnawyny dikeltdi
«Türkmenistan» awiakompaniýasy Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherine göni howa gatnawlaryny dikeltdi. Bu barada «Turkmenportala» awiakompaniýanyň Baş edarasyndan habar berildi. Iki ýyllyk arakesmeden soňra ilkinji uçuş 23-nji dekabrda Aşgabat şäherinden amala aşyryldy.
BITARAPLYK -BUÝSANJYMYZ
Diplomatik işgärleriniň milli baýramy hem-de Türkmenistanyň Döwlet Baýdagynyň güni mynasybetli 2017-nji ýylyň fewral aýynyň 18-ne “Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty: Parahatçylyk we ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk” ady bilen geçirilen maslahatda dekabr aýynyň 12-si Halkara Bitarapyk güni hökmünde ykrar edildi.
Täze ýyl baýramy mynasybetli ýerine ýetirilýän awtoulag hyzmatlary
Hormatly ildeşler! Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentligi Täze ýyl baýramy mynasybetli ýerine ýetirilýän awtoulag hyzmatlarynyň has-da ýokary hilli we medeniýetli bolmagyny üpjün etmegi maksat edinýär.
Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky deňiz arkaly söwda dolanyşygy barha artdyrylýar
Eýranyň Türkmenistana eksporty häzirki Eýranyň senenamasynyň birinji sekiz aýynda (21-nji martdan 21-nji noýabra çenli) geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 35,58% ýokarlandy. Bu barada Eýran Yslam Respublikasynyň gümrük gullugynyň maglumatlaryna salgylanyp, “Iranian Mehr” agentligi penşenbe güni habar berdi.
AŞTU müşderilerine aragatnaşyk hyzmatlary üçin tölegleri geçirilmelidigini ýatladýar
«Aşgabat şäher telefon ulgamy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti müşderilerini ýetip gelýän Täze ýyl bilen gutlaýar we aragatnaşyk hyzmatlary üçin öz wagtynda tölegleri geçirilmelidigini ýatladýar.
Gazagystan — Türkmenistan — Eýran halkara demir ýoly sebitiň üns merkezinde
Düýn Sankt-Peterburg şäherinde GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň däp boýunça her ýylda geçirilýän resmi däl sammiti geçirildi. Sammite Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem gatnaşdy.
Türkmenistan Awiasiýa we howa giňişligini ulanmak boýunça geňeşiň mejlisine gatnaşdy
Russiýa Federasiýasynyň Transport ministrligi Awiasiýa we howa giňişligini ulanmak boýunça geňeşiň adatdan daşary iş mejlisini geçirdi. Bu barada ministrligiň resmi saýtynda habar berildi.
BEÝIK AKYLDARYŇ EDEBI MIRASYNA SARPA
Bu döwür, bu eýýam türkmen paýhasynyň, türkmen ruhubelentliginiň, türkmen zähmetsöýerliginiň rowaçlanýan, beýik işler, döwletli tutumlar bilen galkynýan, gülleýän zamanasy hökmünde göwünleri ganatlandyrýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Magtymguly - dünýäniň akyldary” atly kitaby ähli halkymyz we giň okyjylar köpçüligi üçin bahasyna ýetip bolmajak sowgat boldy.
Russiýadan Türkmenistana elektron biletleri türkmen manadynda satyn alyp bolar
“Türkmenistan” awiakompaniýasy Russiýadan Türkmenistana amala aşyrýan halkara gatnawlarynyň biletleriniň onlaýn söwdasyny amala aşyrýar. Moskwa-Türkmenbaşy we Kazan-Türkmenabat ugurlary boýunça gatnawlaryň biletlerini türkmen manadynda satyn almak bolar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.