Habarlar
Habarlar
Türkmenistan demir ýol konteýner ýük gatnawlary boýunça Ylalaşyga goşulyşmakçy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň dowamynda Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň Halkara gatnawlarda konteýner otly düzümlerinde konteýner gatnawlary baradaky Ylalaşygyna goşulyşmak boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hasabat berdi.
Bitaraplyga bagyşlanan ylmy-amaly maslahat
Ýaňy-ýakynda “Beýik Ýüpek ýoly” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 27 ýyllyk toýuna bagyşlap ylymy-amaly maslahat geçirildi.
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň nebitgaz senagaty we geologiýa pudaklarynyň işgärlerine
Siziň ähliňizi ýurdumyzda her ýyl uly dabara bilen bellenilýän hünär baýramyňyz — Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!
«Türkmenistan» awiakompaniýasy daşary ýurtlardaky petek satuw ofisleriniň sanawyny neşir etdi
«Türkmenistan» awiakompaniýasy resmi web sahypasynda daşary ýurtlarda hereket edýän petek satuw ofisleriniň sanawyny çap etdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy
Döredijilik ruhuna beslenen we Watanyna çäksiz buýsanjy bolan halkymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp günlerinde agzybirlikde Halkara Bitaraplyk gününi we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamany kabul etmeginiň 27 ýyllygyny giňden dabaralandyrdy.
TMCELL täze internet nyrhnamalaryny hödürleýär
«Altyn asyr» ÝGPJ-i ilatyň gyzyklanmalaryny göz öňünde tutmak bilen, 2022-nji ýylyň 5-nji dekabryndan başlap, täze internet paketlerini müşderilerine hödürleýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
12-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň ýolbaşçysy Sardor Umurzakowy kabul etdi.
Türkiýe-Eýran-Türkmenistan-Özbegistan ugry boýunça ilkinji ýük otlusy Daşkende geldi
Şenbe güni, 3-nji dekabrda Daşkendiň demirýol menzilinde Türkiýäniň Izmir şäherinden ugran, Eýranyň we Türkmenistanyň çäklerinden geçip, Özbegistana gelen ilkinji ýük otlusynyň dabaraly garşylanylyşy boldy.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
Sizi halklary we döwletleri jebisleşdirýän Halkara Bitaraplyk güni hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky Kararnamany kabul etmeginiň 27 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Ýüpek ýolunyň merkezinde Suese bäsdeş – 8 ýyl mundan ozal, Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýoly ulanmaga tabşyryldy
Sekiz ýyl mundan ozal, 2014-nji ýylyň 3-nji dekabrynda Gazagystan-Türkmenistan-Eýran transmilli demir ýolunyň açylyşy boldy. Bu waka dünýä ähmiýetli bu özboluşly taslamany durmuşa geçiren döwletleriň baştutanlarynyň – Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Gazagystanyň prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň we Eýranyň prezidenti Hasan Ruhanynyň gatnaşmagynda geçirildi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.