Habarlar
Habarlar
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy bilen duşuşygy
14-nji dekabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşdy.
Из Узбекистана в Европу отправлен первый контейнерный поезд по Среднему коридору
Первый контейнерный поезд с грузами компании Алмалыкского горно-металлургического комбината /АГМК/, 16 декабря отправился в порт Бургас в Болгарии. Об этом в воскресенье сообщила пресс-служба акционерного общества "Узбектемирйулконтейнер" /"Узбекские железнодорожные контейнеры"/.
SAGDYN NESIL — SAGDYN GELJEGIŇ ÖSÜŞI
Türkmenistan Watanymyzyň ösüşlerine badalga beren hormatly Prezidentimiz beýleki ugurlar bilen birlikde ynsan saglygyna aýratyn ähmiýet berýär. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlaryň berk bedenli, sagdyn ruhly, ahlak taýdan kämil bolmagy barada yzygiderli alada edýär. Ylym ojaklarynyň, sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň, sport toplumlarydyr desgalarynyň gurlup ulanylmaga berilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.
BEDENTERBIÝE WE SPORT - SAGDYN DURMUŞYŇ GÖZBAŞY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň raýatlarynyň saglygyny goramaga gönükdirilen maksatlaýyn işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Saglygyň, sagdyn durmuşyň gözbaşy bolsa bedenterbiýe we sportdur. Şonuň üçin hem ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge, sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz etmäge uly ähmiýet berilýär. Häzirki wagtda bedenterbiýe we sport her bir adamyň, hususan-da, ýaşlaryň iň ýakyn hemrasyna öwrüldi.
EKOLOGIÝA ABADANÇYLYGY – TEBIGATYŇ SAZLAŞYGY
Tebigatyň özündäki baýlyklary galyndysyz, ýagny aýlanyşyk usulynda ulanmagy ynsan üçin nusgalyk sapakdyr. Ekologlar durmuşda hem tebigy aýlanyşyk usulyny saklamagy maslahat berýärler. Uzak ýyllaryň dowamynda ata-babalarymyz hem tebigatda bolup geçýän hadysalary synlap, olardan degişli netije çykarmagy başarypdyrlar. Öz ýaşaýyş-durmuşlarynda, ekerançylyk medeniýetinde tebigatda synlap-seljerenlerinden ýerlikli peýdalanypdyrlar.
DAŞARY ÝURT DILLERINI ÖWRENMEK TAGLYMATY ROWAÇLANÝAR
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzda ýaş nesil hakynda uly alada edilýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, hünär we ylym öwrenmegi baradaky mesele hemişe üns merkezinde saklanýar, şonuň ýaly-da, çagalaryň öz ene diline hormat goýmagy, daşary ýurt dillerini kämil bilmegi barada taýsyz tagalla edilýär.
RUS DILINI ÖWRETMEKDE INNOWASION USULLAR
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bilim ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek, ýaş nesle döwrebap bilim-terbiýe bermek ugrunda uly işler amala aşyrylýar. Şunda ýaşlaryň daşary ýurt dillerini, şol sanda rus dilini kämil öwrenmeklerine uly ähmiýet berlip, bu babatda yzygiderli tagallalar edilýär.
MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ DÖREDIJILIGI - TÜRKMENIŇ EGSILMEZ RUHY HAZYNASY
Şöhratly taryhymyza nazar aýlanyňda gymmatly edebi mirasymyzyň bardygyna göz ýetirýärsiň. Şeýle edebi mirasyň içinde Magtymguly Pyragynyň ajaýyp döredijiligi, onda beýan edilýän öwüt-nesihatlar bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Bu edebi miras üç asyra golaý türkmen halkynyň durmuşynda uly orny eýeledi. Ata-babalarymyz akyldar şahyryň goşgularynyň üsti bilen nesilleri terbiýeläpdirler, olara wagyz-nesihat edipdirler.
Milli kanunçylygymyz – berkararlygymyzyň binýady
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler ata Watanymyzyň dünýä ýüzündäki mertebesini has-da artdyrýar. Döwleti dolandyrmagyň häzirki zaman kadalary hem ata-babalarymyzyň kämil tejribeleri esasynda kemala gelen gadymy ýol-ýörelgelere esaslanýar.
Welosiped sporty — saglyk we belent ruh
Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamanyň kabul edilmegi, Bütindünýä saglyk gününde bolsa, ýurdumyzyň ähli künjeginde welosipedli ýörişleriň giň gerimde geçirilmegi çagalykda iň gyzykly güýmenjämiz bolan welosipediň şan-şöhratyny has-da artdyrdy.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.