Habarlar
Habarlar
1642f93f860511.jpeg
3 ýyl ozal
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Mejlisiniň täze çagyrylyşynyň birinji maslahatyna gatnaşdy

6-njy aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň birinji maslahaty geçirildi. Onuň dowamynda milli parlamentiň täze ýolbaşçy düzümi saýlanyldy, şeýle hem deputatlaryň öňünde durýan esasy wezipeler kesgitlenildi.

164248e8628fb6.jpeg
3 ýyl ozal
Aşgabatda «Sanly ykdysadyýetiň global tendensiýalary» ady bilen 5 günlük okuw-maslahat geçirilýär

BMG-niň Ösüş maksatnamasy Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy bilen bilelikde «Sanly ykdysadyýetiň global tendensiýalary» ady bilen 5 günlük okuw-maslahat geçirýär.

1642e5f7bf214f.jpeg
3 ýyl ozal
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygyny kabul etdi

5-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyogluny kabul etdi.

164248dadcc2d2.jpeg
3 ýyl ozal
Moskwada «Türkmendemirýollarynyň», Aşgabatda bolsa RŽD-niň wekilhanalary açylar

«Russiýanyň demir ýollary» (RŽD) holdingi Aşgabatda, «Türkmendemirýollary» Agentligi bolsa Moskwada wekilhana açmagy meýilleşdirýär. Bu barada RŽD-niň resmi Telegram kanalynda habar berilýär.

1642e596a69196.jpeg
3 ýyl ozal
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatoryny kabul etdi

5-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Hazar — dostluk deňzi” motoýörişiniň kerwenine ýolbaşçylyk edip ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkini kabul etdi.

164248ca94c3ab.jpeg
3 ýyl ozal
Aşgabatdan Londona uçuşlar üçin «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň resmi web sahypasynda petekler satuwa çykaryldy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy resmi web sahypasynda Aşgabatdan (Türkmenistan) Londona (Beýik Britaniýa) awiapetekleriň satuwyna başlady.

164248fd4c5309.jpeg
3 ýyl ozal
Türkmenistanyň Hazar deňzi institutynda täze sanly ulgam işe giriziler

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Hazar deňzi instituty üçin täze sanly ulgamy işläp düzmek boýunça tender-bäsleşigi «Türkmenistan» gazetinde çap edildi.

1642e57820f8db.jpeg
3 ýyl ozal
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutanyny kabul etdi

5-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Aşgabada iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowy kabul etdi.

16423cd87428b4.jpeg
3 ýyl ozal
«Belawiýa»-nyň uçarlary tomus meýilnamasyna laýyklykda Türkmenbaşy şäherine gatnar

Awiakompaniýanyň resmi sahypasynda berilýän habara görä, 2023-nji ýylyň 26-njy martyndan 28-nji oktýabryna çenli ähli «Belawiýa-nyň uçuşlary tomus tertibine laýyklykda amala aşyrylýar.

1642ba798b05ff.jpeg
3 ýyl ozal
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

3-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.