Habarlar
Habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW: — Agzybirligimiz bilen ähli sepgitlere ýeteris!
Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ýyl ýazgysynda öz ähmiýeti boýunça taryhy sahypany açan şanly wakadan — ýurdumyzyň Prezidenti wezipesine Serdar Berdimuhamedowyň saýlanylmagyndan bäri laýyk bir ýyl geçdi.
Döwrümiziň aýnasy
Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlamagy, hormatly Prezidentimiziň mynasyp dowam etdirmegi esasynda, ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesillere uly ynam bilen garalýar. Ýaşlar ajaýyp döwrümiziň aýnasydyr. 2023-nji ýylyň şygarynyň «Arkadag Serdarly bagtyýarn ýaşlar» diýlip yglan edilmegi munuň aýdyň şaýadydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň zamanabap bilimleri özleşdirmekde, ylmy gözleglere ugrukmakda, sanly ulgamy özleşdirmekde görkezýän netijeleri guwandyryjydyr.
Energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk ösdürilýär
2015-nji ýylda badalga alan TOPH taslamasy häzirki wagtda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Türkmen wekiliýetiniň Päkistanda saparda bolýan günlerinde, has takygy, 15-16-njy maýda Yslamabatda Türkmenistan bilen Pakistanyň arasynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçiriji taslamasy barada gepleşikler geçiriler.
“TürkmenÄlem52.0E” 8 ýyl älem giňişliginde
Gahryman Arkadagymyzyň peder ýoluny belent mertebe bilen ýöredýän hormatly Prezidentimiz aragatnaşyk we telekommunikasiýa ulgamyny ýokary depginler bilen ösdürmeklige uly ähmiýet berýär. Döwlet baştutanymyz ykdysadyýete sanly tehnologiýalary we enjamlary giňden ornaşdyrmak, edara-kärhanalary döwrebaplaşdyrmak, ilata täze we kämil sanly hyzmatlary hödürlemek, şeýle hem bu ugurda özara bähbitli halkara hyzmatdaşlyklary ýola goýmak meselelerine diýseň uly üns berýär.
Türkmenistan Astrahanda geçiriljek Halkara ulag forumyna gatnaşar
Türkmenistan 26-27-nji aprelda Astrahanda geçiriljek “Hazar sebitiniň ulag logistikasy 2023” atly halkara foruma gatnaşar. Bu barada astrakhanfm.ru habarlar gullugy geçen hepdäniň anna güni mälim etdi.
Türkmenistan bilen Özbegistan ulag we ykdysady hyzmatdaşlygyny pugtalandyrar
Mäli bolşy ýaly, paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň 17-nji mejlisi geçirildi. Bu möhüm foruma Özbegistanyň wise-premýeri, maýa goýumlar we daşary söwda ministri Žamşid Hojaýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy.
Eýranyň Ýol we şäher ösüşi ministri Türkmenistana sapar bilen geler
Eýranyň Ýol we şäher ösüşi ministri Mehrdada Bazrpaş Türkmenistana sapar bilen geler. Bu barada bu saparyň öňüsyrasynda ministrlikleriň we ykdysady guramalaryň gatnaşmagynda Tähranda bolup geçen türkmen-eýran bilelikdäki ykdysady komissiýasynyň 17-nji utgaşdyryjy mejlisi barada Eýranyň Mehr agentliginiň habarynda aýdylýar.
«Türkmenhowaýollary» mart aýynda Londona, Pekine, Delä we Almata uçup başlarlar – uçuşlaryň rejenamasy we biletleriň nyrhlary
«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň 26-njy martdan Aşgabatdan Londona, Pekine, Delä we Almata ýolagçy uçuşlaryny amala aşyryp başlaýandygyna milli howa gatnadyjysynyň saýtyndaky täzelenen rejenamasy şaýatlyk edýär.
Türkmenhowaýollary 9 şähere halkara uçuşlaryny gaýtadan dikeldýär
«Türkmenistan» awiakompaniýasy Bangkoka (Tailand), Minskä (Belorussiýa), Delä (Hindistan), Almata (Gazagystan), Sankt-Peterburga (Russiýa), Ankara (Türkiýe), Pariže (Fransiýa), Seula (Koreýa Respublikasy) we Tokio (Ýaponiýa) şu ýylyň mart-aprel aýlarynda göni uçuşlara gaýtadan başlar.
Kataryň Türkmenistandaky ilçisi Aşgabatda «Türkmenhowaýollary» agentliginiň başlygy bilen duşuşdy
Katar döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hamad bin Raşid bin Hamad Al-Azbi şu gün Aşgabatda «Türkmenhowaýollary» agentliginiň başlygy Döwran Sabyrow bilen duşuşdy. Bu barada Kataryň ilçihanasynyň Metbugat gullugy habar berdi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.