Habarlar
Habarlar
Ýokary hilli hem-de amatly bahadan — atoulag hyzmatlary
«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň awtoulag serişdelerini abatlamak, ýerlemek we olara enjamlaýyn hyzmat etmek boýunça önümçilik birleşiginiň 1-nji ussahanasy siziň iň bir ygtybarly hyzmatdaşyňyz bolup biler.
«Türkmenpoçta» kompaniýasy ýükleri ugratmak işlerini kämilleşdirýär
Häzirki wagtda «Türkmenpoçtanyň» ýurduň welaýatlaryndaky bölümleri täze tehnologiýalary we hyzmatlary ýetiriş standartlaryny ulanmagy öz içine alýan häzirki zaman usullarda iş alyp barýarlar. Muňa bolsa ýurduň sebitlerindäki demir ýol menzillerinde ýerleşýän we türkmenistanlylara uly hem-de kiçi ýükleri tiz hem ygtybarly ugratmaga, şeýle-de kabul edip almaga ýardam edýän poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň ýük bölümlerini mysal hökmünde görkezmek bolar.
Türkmenistanyň we Eýranyň üsti bilen harytlary demir ýol arkaly Ýakyn Gündogara daşamak meselesini ara alyp maslahatlaşýarlar
Ýewraziýa Ykdysady Komissiýasy we Demirgazyk-Günorta geçelgesiniň ýurtlary Türkmenistanyň we Eýranyň üsti bilen harytlary demir ýol arkaly Ýakyn Gündogara daşamak meselesini ara alyp maslahatlaşýarlar.
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
11-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministri Hakan Fidany kabul etdi.
Milli raýat awiasiýasy Russiýanyň çäklerindäki şahamçalarynyň täzelenen salgylaryny mälim etdi
"Türkmenistan" awiakompaniýasynyň Russiýadaky baş agenti özüniň resmi web-saýtynda Russiýanyň çäklerindäki şahamçalarynyň täzelenen salgylaryny mälim etdi.
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň “Arkadag” medaly dabaraly ýagdaýda gowşuryldy
10-njy oktýabrda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Oguz han” köşkler toplumynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň uly dabaralar bilen bellenilýän gününde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy “Arkadag” medaly bilen sylaglamak dabarasy boldy. Dabara Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Türkmenistan we Täjigistan howa gatnawlaryny ýola goýmagy maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew sişenbe güni Aşgabatda Täjigistanyň Türkmenistandaky ilçisi Niýatbekzoda Wafo bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasynda howa gatnawlaryny ýola goýmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
9-njy oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistan we Täjigistan howa gatnawlaryny ýola goýmagy maslahatlaşdylar
Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew sişenbe güni Aşgabatda Täjigistanyň Türkmenistandaky ilçisi Niýatbekzoda Wafo bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasynda howa gatnawlaryny ýola goýmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabatdan Londona uçuş tertibini üýtgeder
Noýabr aýyndan başlap Aşgabatdan Londona (Beýik Britaniýa) boljak uçar gatnawlary täze meýilnama laýyklykda amala aşyrylar. Bu barada «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň resmi saýtynda habar berildi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.