Habarlar
Habarlar
“Älem TV” kartlary indi “Türkmenpoçtanyň” ähli nokatlarynda satylyp başlanar
1-nji awgustdan "Türkmenpoçta" poçta aragatnaşyk kärhanasy özüniň ähli nokatlarynda “Älem TV” hemra teleýaýlymynyň kartlaryny satyp başlar. “Älem TV” operatory Ýewropanyň, Aziýanyň, Russiýanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň we Hindistanyň 230-dan gowrak teleýaýlymyny hemra aragatnaşygy arkaly görkezýär. Hemra aragatnaşygy arkaly teleýaýlymy bökdençsiz we ýokary hilli görmek isleýänler öňümizdäki aýdan operatoryň degişli kartlaryny “Türkmenpoçtanyň” ähli nokatlaryndan satyn alyp bilerler.
Uly aýlag sebitinden Türkmenistan — Hytaý ugry boýunça ilkinji göni howa ýoly açyldy
23-nji iýulda «Türkmenhowaýollarynyň» akylly elektronika, egin-eşik we beýleki harytlary alyp barýan ýük uçary Şençžen-Baoan halkara howa menzilinden Türkmenistanyň paýtagty Aşgabada uçdy.
Türkmen işewürleri Hytaýda geçiriljek halkara intellektual senagat sergisine gatnaşmaga çagyrylýar
Türkmenistanyň hususy düzümleriniň agzalary Hytaýyň günorta-günbatar sebitinde ýerleşýän Çunsin şäherinde 4 – 6-njy sentýabrda geçiriljek halkara intellektual senagat sergisine gatnaşmaga çagyrylýar. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi habar berýär.
Pakistan, Owganystan we Özbegistan Merkezi Aziýa uzaýan demirýol şahasyny gurarlar
Pakistan, Owganystan we Özbegistan sişenbe güni Pakistany Özbegistanyň günortasyndaky Termez şäheriniň üsti bilen Merkezi Aziýa we Russiýa bilen birleşdirjek demirýol şahasyny döretmek barada bilelikdäki teswirnama gol çekdiler. Bu barada “Arabnews” gazeti çarşenbe güni habar berdi.
“Türkmenistan” awiakompaniýasy: halkara ýolagçy howa gatnawlaryň täze tertibi
2023-nji ýylyň 1-nji awgustyndan Aşgabat halkara howa menzilinden amala aşyrylýan halkara ýolagçy howa gatnawlaryň tertibi “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň resmi internet sahypasynda bellenilip geçilýär.
Lýuksemburgyň iri ulag kompaniýasy Türkmenistanyň üsti bilen ýükleri daşaýar
Ýewropanyň Lýuksemburg döwletinde esaslandyrylan iri “Cargolux Airlines” ulag-logistik kompaniýasy Türkmenistanyň üsti bilen yzygiderli ýük howan gatnawlaryny ýerine ýetirýär.
GDA-nyň Ýolçularyň hökümetara geňeşiniň başlygy türkmen tarapyna hoşallyk bildirdi
19-njy iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew Aşgabada sapar bilen gelen GDA-nyň Ýolçularyň hökümetara geňeşiniň başlygy Buri Karimow bilen duşuşdy.
Türkmen wekiliýeti Alýat erkin ykdysady zolagyna baryp gördi
Azerbaýjan Respublikasynda saparda bolýan Türkmenistanyň wekiliýeti Alýat erkin ykdysady zolagyna baryp, bu ýeriň dolandyryş müdirliginiň başlygy Waleh Aleskerow bilen duşuşyk geçirdi.
Türkmenistan Nýu-Ýorkda durnukly şäher ulagy boýunça çäräni geçirdi
BMG-nyň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda geçýän durnukly ösüş boýunça ýokary derejedäki Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň BMG-nyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy «Durnukly şäher ulagy: BMG-nyň Baş assambleýasynyň durnukly ulag boýunça ýokary derejeli Mejlisine taýýarlyk we DÖM-nyň 11-njisini ýerine ýetirmek üçin Arkadag şäheriniň modeli» temasyndan çäräni gurnady.
Türkmenistan Jidde şäherinde ulag we energetika ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegi teklip etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Jidde şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa – Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi» görnüşindäki Sammitinde eden çykyşynda ulag we energetika ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegi nygtady.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.