Habarlar
Habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy iş maslahatyny geçirdi
27-nji ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti R.Bazarowyň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy K.Babaýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
ЕС определил 33 направления инвестирования инфраструктуры ТМТМ
ЕС определил 33 направления инвестирования физической инфраструктуры сегментов Транскаспийского международного транспортного маршрута (ТМТМ, или Средний коридор), передает комиссар ЕС по транспорту Адины Валеан.
Daşary ýurt awiakompaniýalarynyň uçarlary Türkmenabadyň Halkara howa menzilinde tehniki gonuş edýär
Daşary ýurt awiakompaniýalarynyň uçarlary Türkmenabadyň Halkara howa menzilinde tehniki işler üçin gonmagy dowam etdirýärler. Şeýlelikde, ýanwar aýynyň başyndan GeoSKY (Gruziýa), MNG (Türkiýe) we Terra Avia (Moldowa) uçarlary howa menziline gondy. Bu barada howa menziliniň resmi web sahypasynda habar berildi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
26-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli ileri tutulýan meselelere garaldy.
В Баку доставлена из Китая очередная партия контейнерных грузов для транзита в Европу
В Бакинский международный морской торговый порт 1 февраля фидерным судном из Актау доставлен очередной маршрутный поезд, отправленный из китайского Сианя, сообщает в четверг Trend со ссылкой на информацию порта.
2023-nji ýylda Türkmenistan bilen Owganystanyň arasyndaky ulaglar arkaly söwda dolanyşygy 481 million amerikan dollara deň boldy
2023-nji ýylda Türkmenistan bilen Owganystanyň arasyndaky ulaglar arkaly özara söwda dolanyşygy 481 million amerikan dollara deň boldy. Bu barada Owganystanyň Senagat we söwda ministrliginiň maglumatlaryna salgylanyp, TOLONews habar berýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2023-nji ýyl: Gurluşyk-senagat toplumy we elektroenergetika pudagy
Pudaklaryň durnukly ösmegi milli ykdysadyýetimiziň kuwwatynyň barha artýandygynyň aýdyň güwäsidir. Şeýle ugurlaryň biri hem gurluşyk-senagat toplumydyr. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalaryň durmuşa geçirilmeginde bu topluma aýratyn ähmiýet berilýär.
Eýran 28 ýurt bilen wizasyz režimi girizýär
Eýran 28 ýurduň raýatlary üçin, şol sanda Belarus, Katar, Gyrgyzystan, Meksika, BAE, Saud Arabystany, Serbiýa, Özbegistan hem-de Ýaponiýa ýaly döwletler bilen birtaraplaýyn tertipde wiza režimini aradan aýyrdy. Bu çözgüt 2024-nji ýylyň 4-nji fewralyndan güýje girýär diýip, IRNA habarlar gullugyna salgylanýan «MIR 24» habar berýär.
Aragatnaşykçylaryň “Altyn Asyr” toparynyň resmi websaýty işe girizildi
Ýurdumyzyň 8 gezek çempiony paýtagtymyzyň “Altyn Asyr” futbol klubunyň resmi websaýty işe girizildi - www.altynasyrfk.com. Täze açylan saýtda paýtagtymyzyň toparynyň saldamly geçen futbol ýoly giňişligi bilen beýan edilýär. Onuň baş sahypasynda toparyň gazanan ýeňişleri taryhy suratlarda öz beýanyny tapýar.
Howa giňişligi bilen aragatnaşykda
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öz halal we döredijilikli zähmeti bilen ýurdumyzyň ulag we kommunikasiýa ulgamyna mynasyp goşandyny goşýan zenanlar juda kän. Her bir dogýan Günüň ak säherini alnyňa sylyp, eşretli durmuşda ýaşap, ýurdumyzyň howa ulaglary pudagynyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmak paýynyň nesibäňe düşmegi bagtyýarlykdan nyşandyr.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.