Habarlar
Habarlar
1657d2adeef6bf.jpeg
2 ýyl ozal
«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Altyn asyr» topary Aziýadaky 44-nji synagyna çykýar

Aşgabadyň «Altyn asyr» futbol topary şu gün AFK-nyň ýaryşlarynda 44-nji synagyna çykar. «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň topary yklym ýaryşlarynda diňe AFK-nyň kubogyna gatnaşyp gelýär.

1657c2e12a4b05.jpeg
2 ýyl ozal
Aşgabat şäherinde awtoulaglara ýangyç guýujy täze beket açyldy

Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli Aşgabat şäheriniň çäginde awtoulaglara ýangyç guýujy bekediň açylyş dabarasy geçirildi. Bu barada “Watan habarlary” gepleşigi çarşenbe güni habar berdi.

1657bf52f91419.jpeg
2 ýyl ozal
«Türkmenpoçta» ýükleri ýollamak hyzmatynyň nyrhnamasyny arzanlatdy

«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasy ýük ýollamalary hyzmatynyň nyrhnamasyny arzanlatdy. Hyzmatyň tölegi ýüküň ýollanylýan ýeri bilen kabul edilýän ýeriniň aralygy boýunça kesgitlenilýär. Tölegler nagt hem-de bank kartlary arkaly, şeýle-de ýuridiki şahslar üçin geçirme üsti bilen kabul edilýär.

1657a8b71528b4.jpeg
2 ýyl ozal
Merkezi Aziýanyň ulag geçelgeleri Astanada geçirilen bilermenler duşuşygynyň üns merkezinde boldy

11-12-nji dekabrda halkara platforma – Astana klubynyň mejlisi adybir şäherde geçirildi. Onuň maksatnamasyna 8 sany tematiki bölümçe mejlisleri, şol sanda Merkezi Aziýada giň gerimli arabaglanyşyga, sebit ösüşiniň täze mümkinçiliklerine bagyşlanan pikir alyşmalar girizildi.

1657a88fce8cbb.jpeg
2 ýyl ozal
“Türkmendeňizderýaýollary” agentligi halkara bäsleşigiň möhletini uzaldýar

“Türkmendeňizderýaýollary” agentligi aşakdaky lotlarda görkezilen harytlar harytlar bilen üpjün etmek boýunça halkara bäsleşigiň möhletini uzaldýar

1657a938c9b98f.jpeg
2 ýyl ozal
Täze “L4S” aragatnaşyk standarty internet bökdençlikleriniň derejesini peselder

“L4S” atly aragatnaşyk ölçegi ýokary ulanyşdaky aragatnaşyk torunda ulanyş trafigi ölçeýän we sazlaýan hyzmatlary goşmak arkaly ulgamdaky nobaty azaltmagy maksat edinýär. Netijede, sahypa ýükleniş tizligi we durnuklylygy hem-de wideoşekillere tomaşa etmek mümkinçilikleri ýokarlanar.

1657a865acdbd3.jpeg
2 ýyl ozal
Aktau — Türkmenbaşy — Konstanta portlaryny birleşdirýän konteýner hyzmaty ýola goýuldy

«Azerbaýjan demirýollary» ÝGPJ-niň golçur kärhanasy «ADY Container» «COSCO Shipping Lines» bilen hyzmatdaşlykda Aktau (Gazagystan), Türkmenbaşy (Türkmenistan) we Konstanta (Rumyniýa) portlaryny birleşdirýän täze konteýner hyzmatyny ýola goýdy. Bu barada «News Central Asia» ýazýar.

1657fcf7149d29.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherinde Täze ýyl baýramyna görülýän taýýarlygyň barşy bilen tanyşdy

16-njy dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde Täze ýyl baýramyna taýýarlygyň çäklerinde ýerine ýetirilýän işler, söwda hyzmatlarynyň guralyşy bilen tanyşdy.

165793919df954.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistan Ýerewanda geçiriljek deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ministrleriniň duşuşygyna gatnaşar

Türkmenistanyň wekiliýeti 14-15-nji dekabrda Ýerewanda (Ermenistan) geçiriljek deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ministrleriniň duşuşygyna gatnaşar. Bu barada ermeni metbugatyna salgylanyp, «Report.az» habar berýär.

1657fcd1690281.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä we ýurduň ähli halkyna Katar Döwletiniň Milli güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.