Habarlar
Habarlar
Türkmenistanyň ilatly ýerleriniň birnäçesinde täze demir ýol menzilleri gurlar
Türkmenistanyň sebitleriniň ilatly ýerleriniň birnäçesinde, şol sanda Baýramalyda, Duşakda, Bamyda, Jebelde, Balkanabatda, şeýle hem Ahal welaýatynyň Kaka we Bäherden etraplarynyň çäklerinde täze demir ýol menzilleri gurlar. Bu boýunça degişli bildirş türkmen metbugatynda çap edildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi
23-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Arkadag şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasynda gaznanyň müdiriýetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.
Türkmen-özbek ulaglar arkaly söwda dolanyşygy 1 milliard dollara golaýlady
2023-nji ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky ulaglar arkaly özara söwda dolanyşygy 970,1 million amerikan dollaryna deň boldy. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Statistika agentligi habar berdi.
Ýolçularyň Hökümetara geňeşiniň VII halkara awtomobilli ýörişi Azerbaýjanyň, Russiýanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň çäginden geçer
Ýolçularyň Hökümetara geňeşi tarapyndan guralýan VII halkara awtomobilli ýörişi Azerbaýjanyň, Russiýanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň çäginden geçer. Awtomobilli ýöriş 2024-nji ýylyň 28-nji aprelinden 8-nji maýy aralygynda geçiriler. Onuň uzynlygy 2500 kilometrdir.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine birnäçe resminamalaryň taslamalary we beýleki meseleler girizildi.
Azerbaýjan Ulag logistikanyň sanly maglumat ulgamynyň taslamasynyň konsepsiýasyny taýýarlady
Azerbaýjanyň Sanly ösüş we ulag ministrligi Ulag logistikanyň sanly maglumat ulgamynyň taslamasynyň konsepsiýasyny taýýarlady.
HALK MASLAHATY — HALKYŇ BÄHBIDINE: jebislik, agzybirlik we aýanlyk
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe jennet mekan Türkmenistan ösüşleriň belent sepgitlerine sary bedew bady bilen barýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň baş maksady Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikleri berkitmekden, ýurduň hukuk esaslaryny dünýä tejribesine laýyklykda kämilleşdirmekden, jemgyýetde demokratik däpleriň ornaşmagyny gazanmakdan hem-de halkyň ýokary durmuş derejesini üpjün etmekden ybarat bolup durýar.
Türkmenistanda raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygy boýunça pudagara topar döredildi
Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygy boýunça pudagara topar döredildi we şol toparyň düzümi, şeýle hem topar hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy. Prezident Serdar Berdimuhamedow degişli Karara şu gün — 22-nji dekabrda sanly ulgam arkaly geçiren Hökümet mejlisiniň barşynda gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-de “Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasyndaky arabaglanyşyklary berkitmek” kararnama kabul edildi
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisiniň 49-njy umumy mejlisinde biragyzdan “Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasyndaky arabaglanyşyklary berkitmek” kararnamany kabul etdi. Türkmenistanyň başlangyjy bilen işlenip düzülen bu kararnama 47 döwlet awtordaş bolup çykyş etdi.
Ýylyň başyndan Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesi boýunça konteýner daşamak iki esse köpeldi
Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesi boýunça konteýner dşamagyň mukdary ýylyň başyndan iki esse artdy. Russiýanyň demirýol telegram kanalynyň habaryna görä, Russiýa demir ýollarynyň başlygynyň orunbasary Alekseý Şilo Astrakanda geçirilen «PRO//Движение.Каспий» maslahatynda bu barada aýtdy.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.