Habarlar
Habarlar
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygy mynasybetli sergä hem-de birleşmäniň agzalarynyň maslahatyna gatnaşyjylara
Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bellenilýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygy, şeýle hem bu sene mynasybetli geçirilýän serginiň hem-de birleşmäniň agzalarynyň maslahatynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Russiýanyň milli logistika platformasy öz güýjüni portlarda synar
1-nji aprelden Russiýa Federasiýasynda milli sanly ulag-logistika platformasynyň işläp başlajakdygyny «Российская газета» habar berýär. Bu meýilnamalary Russiýanyň ulag ministriniň orunbasary Dmitriý Bakanow Wolga döwlet suw ulag uniwersitetinde eden çykyşynda tassyklady.
«Demirgazyk – Günorta» taslamasyna täzeçe itergi berler
«Demirgazyk – Günorta» halkara ulag geçelgesiniň (INSTC) peýda bolmagy we Demirgazyk deňiz ýolunyň giňemegi Ýewraziýada ýük daşamalarynda täze özgertmeleri aňladýar hem-de Sues kanaly ýaly adaty deňiz ýollaryna täsirli alternatiwany hödürleýär.
«ULD Shipping» konteýner gatnadyjysy Russiýa fider hyzmatyny ýola goýdy
«ULD Shipping» türk konteýner kompaniýasy Noworossiýsk portuna fider hyzmatyny ýola goýdy. Bu barada «Alphaliner» tarapyndan hödürlenýän maglumata esaslanýan «Splash» habar berýär. Hyzmat 634 TEU kuwwaty bolan konteýner gämileriniň ikisiniň mümkinçiliklerine esaslanýar.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
15-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleriniň birnäçesine garaldy.
Aşgabat – Hoşimin – Aşgabat ugry boýunça göni howa gatnawy ýola goýuldy
"Türkmenhowaýollary" agentliginiň amala aşyrýan halkara gatnawlarynyň sany artdy. Aşgabat – Hoşimin – Aşgabat ugry boýunça göni howa gatnawy ýola goýuldy. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň wise-prezidentini kabul etdi
14-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň wise-prezidenti Mark Boumany kabul etdi.
NASA we Boeing ekologiýa taýdan arassa uçary işläp taýýarlaýar
Uçuşlaryň netijesinde kömürturşy gazynyň daşky gurşawa zyňyndylaryny azaltmak hem-de howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça borçnamalary ýerine ýetirmek maksady bilen, NASA we Boeing ekologiýa taýdan arassa X-66 uçaryny işläp taýýarlamak üçin tagallaryny birleşdirýär.
“Türkmendemirýollary” agentligi bilen “Uzbekiston temir ýullari” paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçylarynyň arasynda gepleşikler geçirildi
2024-nji ýylyň 6-njy martynda Aşgabatda “Türkmendemirýollary” agentligi bilen “Uzbekiston temir ýullari” paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçylarynyň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
13-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Lebap welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Köýtendag etrabynda ýylda 1 million tonna sement öndürmäge ukyply Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň ulanmaga berilmegi mynasybetli dabara gatnaşdy.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.