Habarlar
Habarlar
Özbegistanyň uly ýaşly ilatynyň 100 göterime golaýy ykjam telefon ulanýar
Özbegistanyň Statistika agentliginiň maglumatlaryna laýyklykda, 2023-nji ýylda ýurduň 10 ýaşly we ondan ýokary ilatynyň 99,1 göterime golaýy ykjam el telefonyndan peýdalandy. Bu görkeziji 2022-nji ýyldakydan (97,8 göterim) we 2021-nji ýyldakydan (95,7 göterim) ep-esli köpdür.
Paýtagtymyzda syýahatçylyk hyzmatdaşlygy boýunça duşuşyklar geçirildi
Ozal habar berşimiz ýaly, Aşgabadyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda “Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri” atly halkara maslahat geçirildi. Bu foruma halkara guramalaryň wekilleri, Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň bu ugurda ýöriteleşen kompaniýalarynyň, ugurdaş düzümleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
1-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.
Logistika hyzmaty söwda «önümine» öwrülip biler
Ýük daşamak hyzmatlary hem birža harytlarynyň hataryna goşulyp biler. Sankt-Peterburgyň halkara haryt we çig mal biržasy şeýle önümi satuwa çykarmagy meýilleşdirýär. Bu barada meýdançanyň başlygy Igor Artemýew «РБК» beren interwýusynda belledi.
«Türkmenistan» awiakompaniýasy gatnawlarynyň tomusky tertibini çap etdi
«Türkmenistan» milli howa gatnawçysy resmi web sahypasynda şu ýylyň 31-nji martyndan 26-njy oktýabryna çenli dowam etjek halkara we içerki ýolagçy gatnawlarynyň tomusky tertibini çap etdi.
Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty
30-njy martda Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň bäşinji maslahaty geçirildi. Onuň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna we ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan birnäçe möhüm kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalaryna garaldy hem-de kabul edildi.
«Russiýanyň demir ýollary» girdejisi boýunça taryhy netije gazandy
«Russiýanyň demir ýollary» holdingi 2023-nji ýylda 3,017 trln ₽ möçberde girdeji aldy we bu ugurda taryhy rekord goýdy. Bu barada «RDÝ» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň ýolbaşçysy — baş direktory Oleg Belozerowyň belländigini «ТАСС» habar berýär.
Aşgabatda halkara metbugat maslahaty geçirildi
28-nji martda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi we Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Türkmen topragy — gadymy medeniýetleriň merkezi» atly halkara metbugat maslahaty geçirildi.
Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik we ynanyşmak taglymlaryny dünýä ýaýýar
Geçen hepdede Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen dabaralar halkymyzyň ruhy we medeni mirasyna üýtgewsiz ygrarlydygynyň, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda öňde goýlan maksatlara ýetmekde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň daşynda mäkäm jebisleşendiginiň aýdyň beýany boldy.
Demirýol ugry Merkezi Aziýany we Hytaýy baglanyşdyrar
Ýük otlusy Hytaýyň gündogaryndaky Szýansi welaýatyndaky Nançan halkara guryýer portundan Merkezi Aziýa ugrady. Bu barada China daily habar berýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.