Habarlar
Habarlar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
21-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşyna degişli birnäçe meseleler girizildi.
«Awtomobil ulаg hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil ulаg hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Türkmenistanyň raýatlaryny sürüji wezipesine işe alynýandygyny yglan edýär. Dalaşgärlerden edilýän esasy talaplar «B,C,D» derejeli sürüjilik şahadatnamasynyň we awtoulag sürmek tejribesiniň bolmagydyr.
Russiýa ýurduň birnäçe şäherlerinden Türkmenistana howa gatnawlaryny açmagy teklip etdi
Russiýa Federasiýasy ýurduň Sankt-Peterburg, Ýekaterinburg, Astrahan we Nowosibirsk şäherlerinden Türkmenistana howa gatnawlaryny ýola goýmagy teklip etdi. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçisi Iwan Wolynkin habar berdi.
“Demirýollary” AGPJ bäsleşik yglan edýär
“Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti demirýollaryň ýokarky gurluşy üçin materiallary satyn almak boýunça №DÝ/AGPJ-043 belgili açyk görnüşli halkara tender yglan edýär:
Türkmenistan “Kazan Digital Week” forumynyň çäklerindäki “tegelek stol” maslahatyna gatnaşar
Türkmenistanyň häkimlikleriniň wekilleri 2024-nji ýylyň 9 – 11-nji sentýabrynda Kazan şäherinde “Kazan Digital Week” forumynyň çäklerinde geçiriljek häkimleriň halkara “tegelek stol” maslahatyna gatnaşar. Bu barada TASS agentligi çarşenbe güni habar berdi.
Eýran «Demirgazyk — Günorta» ulag geçelgesi üçin zerur bolan «Reşt-Astara» demir ýolunyň birinji bölüminiň gurluşygyny tamamlady
«Tasnim» agentligi Eýranyň demir ýolunyň Reşt şäherinden «Demirgazyk — Günorta» ulag geçelgesiniň bir bölegi bolan Hazar portuna çenli uzaýan böleginiň 20-nji iýunda ulanylmaga berilýändigini habar berdi. Geljekde ýoluň Hazar portundan Eýranyň demirgazyk-günbataryndaky Astara sebitine çenli uzaýan nobatdaky tapgyryny gurmak meýilleşdirilýär.
"Deňiz söwda floty" ÝGPJ nebit önümlerini daşaýan gämiler üçin ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak boýunça halkara bäsleşik yglan edýär
"Deňiz söwda floty" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti “Alaja” (IMO:9702663) we “Kenar” (IMO:9702675) nebit we nebit önümlerini daşaýan gämileri üçin ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak boýunça halkara bäsleşik yglan edýär
Ýewraziýanyň Ykdysady Bileleşigi ýük ulaglary üçin rugsat edilýän agramlary, ýükleri we gabara ölçeglerini utgaşdyrar
Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň (ÝYB) ýurtlary Ýewraziýa ulag geçelgelerine girýän ÝYB döwletleriniň ýollarynda ulag dolandyrylanda rugsat berilýän agramlary, ýükleriň möçberini we ulaglaryň gabara ölçegleri baradaky Ylalaşygyň taslamasynyň içki nusgasyny tassyklamak işlerini tamamladylar.
Balkan welaýatynyň ilatyna täze ýolagçy awtobuslarynyň 200-si sowgat berildi
Mukaddes Gurban baýramynyň öňüsyrasyndaky günlerde Balkan welaýatynyň ýaşaýjylary şatlykly wakanyň şaýady boldular. Hormatly Prezidentimiziň Balkan welaýatyna iş sapary bilen gelip, gallaçy daýhanlar bilen duşuşmagy hem-de «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň «Balkanawtoulag» önümçilik birleşigine täze, döwrebap awtoulaglaryň 200-sini sowgat hökmünde gowşurmagy ýatdan çykmajak ajaýyp wakalara öwrüldi.
Arkadag şäherinde Medeniýet hepdeligi badalga alýar
Berkarar döwletimizde yglan edilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bu çäre beýik türkmen akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna, şeýle hem Arkadag şäheriniň döredilmeginiň birinji ýyllygyna bagyşlanylýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.