Habarlar
Habarlar
Täze awtobus ugry işe girizildi: 72-lik belgili gatnaw «Awtokombinat — Awtomenzil» ugry boýunça hereket eder
Ilatymyzyň awtomobil gatnamalaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy 2024-nji ýylyň 14-nji iýulyndan 72-nji «Awtokombinat — Awtomenzil» täze awtobus ugruny ýola goýdy.
«Ýüpek ýoly 2024»: Onunjy tapgyr Maksatmyrat Daňatarowyň ekipažynyň ýeňşi bilen jemlendi
14-nji gezek guralýan «Ýüpek ýoly» rallisiniň onunjy tapgyrynyň geçirilen güni hem gatnaşyjylar üçin garaşylmadyk synaglara baý boldy. Bu tapgyr Mongoliýanyň Baýanhongor we Mandalgobi sebitlerini birikdirdi. Geçilmeli menzil 562, 86 kilometre barabar boldy.
Hünärmenleri taýýarlamak — döwletiň intellektual kuwwatyny artdyrmagyň möhüm şerti
15-nji iýulda ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde dalaşgärlerden resminamalary kabul etmek möwsümi başlandy.
TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ ÝANYNDAKY ULAG WE KOMMUNIKASIÝLAR AGENTLIGINIŇ «TÜRKMENDEMIRÝOLLARY» AGENTLIGINIŇ AŞGABAT ŞÄHERINDÄKI DEMIR ÝOL ULAGLARY ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI
2024/2025-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär:
TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ ÝANYNDAKY ULAG WE KOMMUNIKASIÝALAR AGENTLIGINIŇ “TÜRKMENDEMIRÝOLLARY” AGENTLIGINIŇ AŞGABAT ŞÄHERINDÄKI DEMIR ÝOL ULAGLARY ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI
2024/2025-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünär ugurlaryndan hünär-tehniki bilimi boýunça talyplyga we gysga möhletli okuwlara (hünär taýýarlygy) kabul edýändigini yglan edýär:
Ulaglar we aragatnaşyk ulgamynda durnukly ösüşler gazanylýar
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 12-nji iýulda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ykdysadyýetiň pudaklarynda şu ýylyň geçen alty aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistan Gyrgyzystana we Özbegistana eksporty artdyrýar
Gyrgyz Respublikasynyň Döwlet statistika gullugynyň habaryna görä, şu ýylyň birinji çärýeginde Gyrgyzystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky daşary söwda dolanyşygy 20 million dollara ýetdi we 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 36% ýokarlandy. Bu barada «Bigasia» ýazýar.
«Ýüpek ýoly» rallisiniň sekizinji tapgyry: M.Daňatarow öňdeligi eýelese, M.Toýlyýewiň ekipažy ikinji boldy
«Ýüpek ýoly» rallisiniň sekizinji tapgyry jemlendi. Mongoliýanyň Altaý sebitinde geçen tapgyr 492,12 kilometre uzady.
Arkadag şäherinde Merkezi Aziýada ilkinji «akylly» demirýol menzili gurlar
Döwlet ähmiýetli Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyry dowam etdirilýär. Meýilleşdirilen gurluşygyň ikinji tapgyrynda umumy bilim berýän mekdepleriň, çagalar baglarynyň, Saglyk öýleriniň, awtoparklardyr awtoulag menzilleriniň we beýleki binalaryň gurluşygy göz öňünde tutulýar.
Türkmenistanyň wekilleri Aktauda geçiriljek halkar ulag forumyna gatnaşarlar
Türkmenistanyň wekilleri 19-20-nji iýulda Aktauda geçiriljek Demirgazyk-Günorta ulag söwda-eksport forumyna gatnaşarlar. HHM-niň ElDala.kz salgylanyp berýän habaryna görä, foruma Gazagystanyň Premýer-ministriniň orunbasary Serik Žumangarin tarapyndan ýolbaşçylyk ediler.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.