Habarlar
Habarlar
Aşgabat halkara howa menzili buzlama garşy suwuklygy satyn almak boýunça bäsleşik yglan edýär
“Türkmenhowaýollary” agentliginiň Aşgabat halkara howa menzili uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin Klifrost DE Plus Type-I we Klifrost ABC-S Type-IV kysymly ýörite buzlama garşy suwuklygy satyn almak boýunça ABŞ dollarynda bäsleşik yglan edýär
Halkara forumlar — hyzmatdaşlygy ösdürmäge möhüm goşant
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanyp, häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynda dünýäniň ähli döwletleri bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmaga, öňden gelýän hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär.
EZIZ WATANYMYZDA GURMAK, DÖRETMEK BAGTY
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk şanly senesini bellemäge uludan taýýarlyk görýän Türkmenistan, sözüň doly manysynda, bagy-bossanly, ajaýyp obadyr şäherli, parahatçylygyň, dost-doganlygyň mekany. Gözel paýtagtymyz Aşgabat ― Aziýanyň merjeni. Soňky onýyllyklarda gurlan binalar, desgalar dünýäni haýrana goýýar.
Türkmenistanyň Prezidenti Belarus Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko şanly 70 ýaş toýy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
“Kamaz” Türkmenistanda ýerli brend bilen tehnika önümçiligini ýola goýmagy teklip edýär
27-nji awgustda Kazanda geçirilen Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeniýet hyzmatdaşlygy boýunça türkmen-tatar iş toparynyň bilelikdäki mejlisinde “Kamaz” Daşary söwda kompaniýasy paýdarlar jemgyýetiniň sebit direktory Marat Garifullin “Kamaz” kompaniýasynyň Türkmenistanda önümçiligi ýola goýmagy teklip edýändigi barada aýdyp geçdi.
Gahryman Arkadagymyz Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik ruhy Lideri bilen duşuşdy
28-nji awgustda günüň ikinji ýarymynda Tähranda iş sapary bilen bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik ruhy Lideri Aýatolla Seýed Ali Hoseýni Hameneýi bilen duşuşdy.
Russiýa Federasiýasynyň Hazar deňzindäki portlary "Demirgazyk-Günorta" halkara ulag-üstaşyr geçelgesiniň ösüşi arkaly ýük daşamagy artdyrýar
"Demirgazyk - Günorta" halkara ulag-üstaşyr geçelgesiniň Hazarüsti böleginiň işjeň ösmegi, Hazar deňiz portlarynda, esasanam Astrakhan we Olýa deňiz portlarynda ýük dolanşygyň ösüşinde oňyn dinamika döredýär.
Türkmenistan — Eýran: döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm ädim
28-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Eýran Yslam Respublikasynda boldy. Saparyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyz Prezident Masud Pezeşkian hem-de Beýik ruhy lider Aýatolla Seýed Ali Hoseýni Hameneýi bilen gepleşikleri geçirdi.
Türkmen wekiliýeti Seuldaky “World Smart City Expo” sergisine gatnaşar
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjyndan binýat bolan Arkadag şäherini mundan beýläk-de kämilleşdirmek we ösdürmek üçin Koreýa Respublikasy bilen saglygy goraýyş ulgamynda tejribe alyşmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.
Arkadag şäherinde Robototehnika bilim merkezi açylar
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.