Habarlar
Habarlar

S7 awiakompaniýasy Moswka bilen Aşgabadyň arasynda gatnawlaryň sanyny köpelder
S7 awiakompanisýasy 15-nji ýanwardan başlap Moskwa bilen Aşgabadyň arasynda gatnawlaryň sanyny 9-a çenli köpelder, 9-njy ýanwardan gatnawlaryň sany 5-den 7-ä çenli köpeldildi. Bu barada awiadaşaýjynyň metbugat gullugyna salgylanyp TASS habar berýär.

Ýurdumyzda ýolagçy gatnawy yzygiderli kämilleşdirilýär
Anna güni hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşynyň birnäçe möhüm meseleleri girizildi.

2025-nji ýylda ýurdumyzda köpsanly binalar we desgalar açylyp ulanylmaga berler
Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylan 2025-nji ýylda paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda gurlup ulanmaga beriljek binalaryňdyr desgalaryň meýilnamasyny taýýarlamak boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijesi barada hasabat berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherinde täze guruljak desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen Arkadag şäherine geldi. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde gurulmagy meýilleşdirilýän hem-de durky täzelenýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy, şeýle hem degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
14-nji ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy.

Türkmenistan bilen ÝB ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Palwanow anna güni Brýusselde Ýewropa komissarynyň halkara gatnaşyklar we hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça kabinetiniň başlygy Lýusi Şestakowa bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Belgiýadaky diplomatik wekilhanasy habar berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
13-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
11-nji ýanwarda ir säher bilen türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow “akylly” şäher konsepsiýasy esasynda gurlan Arkadag şäherine geldi. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde gurulmagy meýilleşdirilýän hem-de durky täzelenýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy, degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

“Türkmenawtoulaglary” agentligine Hytaý Halk Respublikasynyň “Yutong Bus Сo.,Ltd.” kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi
Resminama laýyklykda, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentligine «Yutong ZK6128HG» kysymly 700 sany awtobusy satyn almak barada Hytaý Halk Respublikasynyň «Yutong Bus Сo., Ltd.» kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
10-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşynyň birnäçe möhüm meseleleri girizildi.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.