Habarlar / Metbugat habarlaryndan
Metbugat habarlaryndan
Ýaş neslimiziň goragynda
Hormatly Prezidentimiziň peder ýoluny mynasyp dowam etdirip, üstünlikli durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri ilatyň durmuş derejesini has-da gowulandyrmaklyga, ýaş nesilleriň geljegi hakyndaky aladalara gönükdirilýär. Çagalara bolan asylly we mähirli gatnaşyklar jemgyýetimiziň durmuş hem-de ruhy sagdynlygyny kesgitleýär.
Gözel tebigat — sagdynlygyň çeşmesi
Häzirki döwürde ekologiýa meseleleri we daşky gurşawy ýaramaz täsirlerden goramak tutuş dünýäde ileri tutulýan wezipeleriň birine öwrüldi. Eziz Watanymyzda tebigy baýlyklarymyzy we gözelligimizi gorap saklamak, olary geljekki nesillere ýetirmek hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Sebäbi tebigat biziň mähriban öýümizdir.
Sagdynlygyň gözbaşy
Bitarap döwletimiziň durmuş-ykdysady güýji halkymyzyň ruhy galkynyşy we abadançylygy, jemgyýetimiziň sagdynlygy, nesillerimiziň beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösüşi bilen berk baglydyr. Şu nukdaýnazardan ýurdumyz boýunça durmuşa geçirilýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasy we beýleki ugurdaş maksatnamalar eziz Watanymyzyň ilatynyň saglygyny ählitaraplaýyn goramaga, ýaşlary sport bilen yzygiderli meşgullanmaga giňden çekmäge ýardam edýär.
Sagdyn ýaşaýyş — bagtyýar durmuş
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmek ugrunda netijeli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda saglygy goraýyş ulgamyny yzygiderli ösdürmekde amala aşyrylýan maksatnamalar ýurdumyzda ynsan saglygynyň döwletiň iň gymmatly baýlygy hökmünde möhüm orun eýeleýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Türkmen tebigaty — saglygyň çeşmesi
Berkarar döwletimiz dag ýerinde dagy, düz ýerinde düzi, deňiz ýerinde deňzi bolan tebigatyň ähli ajaýyplyklaryny özünde jemleýän ülkedir. Hazar deňzi umman gelip çykyşy bolan dünýäde iň iri içerki suw howdany. Ol biziň günlerimize çenli özüniň ajaýyp gözelligini we tebigy künjekleriniň köpdürlüligini, baý ösümlik we haýwanat dünýäsini saklap gelen genji-hazynadyr.
Uzak hem sagdyn ýaşamagyň syry
Ynsan saglygy ähli zatdan belentde goýulýan ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Parahatçylyk, abadançylyk, raýatlarymyzyň jan saglygy netijesinde döredijilikli zähmet ýurdumyzyň gülläp ösüşini üpjün edýär. Şunda kadaly iýmitlenmek, arassa howa we bedenterbiýe maşklaryny yzygiderli amal etmek hem-de sport bilen meşgullanmak jan saglygynyň girewidir.
Sagdyn durmuş ýörelgeleri
Halkyň saglygynyň döwletiň baýlygyna deňelýän ýurdumyzda sagdyn jemgyýetiň binýady berkidilýär, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketini ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Bu babatdaky döwlet syýasatynyň esasy maksady sagdyn durmuş ýörelgelerini her bir ynsanyň, tutuş jemgyýetiň ýaşaýyş kadalaryna ornaşdyrmaga gönükdirilýär.
Ynsan saglygynyň goragynda
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ynsan saglygyny goramak meselesine aýratyn ähmiýet berlip, ol döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry saýylýar. Milli saglyk ulgamynda gazanylýan uly özgertmeler Hormatly Prezidentimiziň halkyň saglygyny ähli zatdan ileri tutýandygy baradaky beýik hakykatyň güwäsi bolup durýar.
Sagdynlyk syýasaty — sahawatyň seresi
Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzyň her bir raýatynyň okamagy, öwrenmegi, alan hünäriniň eýesi bolmagy, zähmet çekmegi hem-de sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegi, sport bilen meşgullanmagy üçin ähli şertler döredilen. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygaryny ýörelge edinýän halkymyz abadan durmuşymyzyň hatyrasyna alnyp barylýan işlere mynasyp goşant goşmaga çalyşýar.
Sport - abadan durmuşyň sakasy
Halkymyzyň abadan durmuşy baradaky hemmetaraplaýyn alada Garaşsyz Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Şunda ilatyň saglygyny goramaga, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň ösdürilmegine, sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanmagy wagyz etmäge aýratyn üns berilýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.