Habarlar / Metbugat habarlaryndan
Metbugat habarlaryndan
SANLY BILIM TEHNOLOGIÝALARYNYŇ KEMALA GETIRILMEGI
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň bilim ulgamy täze ösüşlere eýe bolýar. Ulgamyň işini döwrebap derejede guramak, oňa innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, bu babatda milli aýratynlyklary göz öňünde tutmak bilen, dünýä tejribesinden ugur almak, sanly bilim ulgamyna geçmek boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar.
TÜRKMENIŇ NUSGAWY ŞAHYRY
Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýini bellemäge taýýarlygyň çäklerinde türkmen alymlary onuň durmuşy we döredijilik mirasy barada täze golýazmalary işjeň gözleýärler. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň işgärleri daşary ýurtlarda ylmy-döredijilikli saparlarynda bolup, şol ýerlerdäki ylmy merkezleriň kitaphanalarynda saklanýan türkmen halkynyň edebi hem-de taryhy çeşmeleri bilen tanyşdylar.
IV HALKARA TEATR FESTIWALY
Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Tatarstan Respublikasy, Türkiýe we Özbegistandan öňdebaryjy teatr toparlary 14-16-njy noýabr aralygynda Aşgabatda we Arkadag şäherinde geçiriljek “Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty” atly IV halkara teatr festiwalyna gatnaşmak üçin Türkmenistanyň paýtagtynda ýygnandylar.
ŞATLYKLY HABAR
Ýaňy ýakynda Bütindünýä şäherler gününde ÝUNESKO-nyň Baş direktory Odri Azuleniň çözgüdine görä Aşgabat şäheri ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna «Dizaýn» ugry boýunça resmi taýdan goşuldy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýty habar berýär.
TÜRKMEN OBA HOJALYK INSTITUTY «UI GREENMETRIC WORLD UNIVERSITY RANKING» HALKARA REÝTINGINDE HASABA ALYNDY
Milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklary üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamaga, milletiň aň-bilim mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga, bilimiň hilini yzygiderli gowulandyrmaga gönükdirilen möhüm wezipeleriň jähedinde döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň bilim ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça birnäçe möhüm wezipeleri kesgitledi. Bu öňde goýlan wezipeleriň biri hem ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerini halkara derejeli ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna girizmekden ybaratdyr.
DÖWLETARA GATNAŞYK
Aşgabat şäheriniň «Ýyldyz» myhmanhanasynda 10-njy Türkmen-amerikan işewürler maslahaty geçirildi. Oňa iki ýurduň ugurdaş döwlet edaralarynyň we işewür düzümleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
AÝDYŇ ÝOLLARYŇ BEÝIK GELJEGI
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli gymmatlyklarymyzy wagyz etmek, ene dilimiziň baýlyklaryny ýaş nesillere öwretmek asylly ýörelgeler hökmünde dowam etdirilýär. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylymyzda hem ata-babalarymyzdan gelýän şeýle asylly ýörelgelerden ugur alyp, ýaş nesillerimize döwrebap bilimi öwredýäris hem-de olary milli ruhda terbiýeleýäris.
“ÝAŞYL DOSTLARYMYZYŇ” WASPY
Eziz Diýarymyzyň görenleri haýrana, görmedigi armanda goýýan al-ýaşyl öwüsýän sähralary, baý ösümlik dünýäsi, mahlasy, türkmen tebigatynyň ajaýyp keşbi uzak asyrlardan bäri döredijilik ynsanlarynyň ylham çeşmesi bolup gelýär. Olar özleriniň şirinden-şirin şygyrlary, ajaýyp sazlary, owadan aýdymlary bilen gözel tebigatymyzyň ajaýyplyklaryny wasp edýärler.
Bilimli ýaşlar — ösüşiň miremez binýady
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan durmuş ugurly syýasatyny, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli dowam etmegi netijesinde durmuşa geçirilýän ykbal özgerdiji üstünlikler türkmen halkynyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylýar. Bedew bady bilen ösüşlerden-ösüşlere barylýan häzirki döwürde ýurdumyzda beýleki ulgamlar bilen birlikde ylym-bilimi ösdürmäge hem uly ähmiýet berilýär.
«KiberOne» Halkara programmirleme mekdebi we «AMAKids» akademiýasy okuwa kabul edişlik geçirýär
«KiberOne» Halkara programmirleme mekdebi we «AMAKids» çagalaryň zehinini ösdürmek akademiýasy çagalary we ululary möhüm ugurlar boýunça bilim almaga çagyrýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.